Hemmeler sylaýar «kiçigöwüni»,
Ol bolsa sylagdan humardyr humar
Öwülse,
Keýp bilen süzüp gözüni
Diýer «Ýok, adamlar, kemçiligim bar?»
Onsoň gussa bilen saňa garar-da,
Kemçiligin sanar
Okýan deý aýat.
Onuň kiçigöwünligi barada
Dörär şeýdip, ýene-de bir rowaýat.
Öwüleni üçin
Olam öwen bor.
Üns bilen diňlär ol, ýakymly gürlär...
Awtobusda boş bolsa-da onlap ýer,
Giren goja öz ornuny hödürlär.
Ýöne bir gün düşse tankyt astyna,
Ol hakyky ýüzün açar dessine.
Uwlar ol,
Ýarar ol gazapdan doly,
Guýrugna basylan möjek mysaly.
Gurbannazar Ezizow