Ovezova_
08.08.2021 13:05
Bäş gün kisäñizi pökgerden bolup,
Hakyky dostlaryñ döşünden itmäñ!,
Bir gitse hiç haçan dolanmaz gaýdyp,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Söýüñ siz! Sözde däl ýüregñiz bilen,
Dowamly geljege irkilip gitmäñ!,
Ynam iñ güýçli zat, iñ mukaddes zat,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Duýuñ siz! Mähiriñ gymmatlydygyn,
Hakyky ýaşaýşyñ deñinden ötmäñ!,
Gygyrşyñ, halaşyñ, düşünşiñ ýöne,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Bilýäñizmi! ynsan ýogalanda-da,
Göwünleñ ýarasy galarmyş bitmän,
Iñ elhenç ejiri bir ýere toplap,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Öñüräk duş geldim şeýle bir waka,
Ýakyn tanyşlarmyñ biridi Çary,
Başdan geçenini gürrüñ berdi ol,
Ikilik edipmiş onuñ aýaly,
Indi hem namysdan bir ölüp bilmän,
Ile çykar ýaly ýokmuşyn taby,
A:gyrlardan ýañy ýüzi çişipdir,
Ulalyp başlapdyr gözüniñ agy,
Erkek ejizlese aýylganç bolýa,
Hamala beýik dag ýykylan ýaly,
Hamala mertlik bukulan ýaly.

Meñ tanaýan Çarym jalaýdy öñler,
,,Dünýäñ bar gyzygy keýpde" diýrdi,
Wyždansyz nikabyn dakyp ýüzüne,
Her gün bir gözeliñ goýnundan ördi,
Ähli edenleri galmady ýerde,
Ykbal aýlap-aýlap mañlaýna berdi.

Ähli kynçylyga döz gelip herne,
Owaldan başarjak zadyñyz gepläñ!,
Dostlarym meñ size ýeke haýyşym,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!.

Janyndan syzdyryp gepleýänleriñ,
Añyrsy ýalandan gaýdandyr öýtmäñ,
Goý, çete zyñalyñ biwepalygy,
Söýen ýüreklere ikilik etmäñ!...

Awtory: Baýram Bejidow
6
173
Ovezova_
8 Awgust 2021
Guli_,ha bolyalay
guli_
8 Awgust 2021
ýekeje04,Hokman
guli_
8 Awgust 2021
ýekeje04,Hazirlikce oyde 20sinden son baslaya tayyarlyk
guli_
8 Awgust 2021
ýekeje04,Gowy hudaya sukr sen nailiOvezova_,Okuwda 🙄
Ovezova_
8 Awgust 2021
Guli_,mekdepedemi ya okuwdamy😕yo bashga tikinjeklay ony geymeyana ýekeje04,gowyla menem
guli_
8 Awgust 2021
Ovezova_,Menzes ediver son dasyndan basga koynek basga yaka tikinip goyber...Bizin okuwdada yaka birmenzes 😁
Ovezova_
8 Awgust 2021
Guli_,ay onusyan oza dun jan etyaler yaka birmenzesh bolmaly dp ýekeje04,salam gowy ozun nahili
guli_
8 Awgust 2021
Ovezova_,Yokhow degisyanlai sen natyan kanikul bn
Ovezova_
8 Awgust 2021
Guli_,baybow adamlar bashagay ekena
guli_
8 Awgust 2021
Ovezova_,Okuw basagay etya diyen bolayynla😁😁😁😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.