Ovezova_
07.08.2021 18:18
21.Pişikler sutkada ortaca 18 sagat ýatyp ýa irkilip gecýärler. Kici pişikler diňe ukuda wagty ulalýarlar, sebäbi somatotoprin garmony diňe şol ýagdaýda bölünip cykýar.

22.Biziň love şekilli cekýän ýüregimiz aslynda ýürek şekili däldir. Ol cyrmaşyk atly ösümligiň ýapragynyň şekilidir. Gadymy Rimliler öz töweregindäki zatlara doly cyrmaşýandygy sebäpli bu ösümligi baglylygyň we baky söýgüniň nyşany hasaplapdyrlar. Ol şekil ana şondan galypdyr.

23.Hüwi gözüni gymyldadyp bilmeýär, töwerege seretmek ücin kellesini aýlaýar.

24.Orbitadaky kosmonawtlar uklanda hor cekip bilmeýär. Agramsyzlykda bu mümkin däl.

25.Argentina - ýeke-täk himiki elemente bagyşlanyp ýurda dakylan atdyr. Ol Argentum - kümüş diýmegi aňladýar.

26.Dünýädäki halylara bagyşlanan ýeke-täk muzeý Türkmenistanda ýerleşýär.

27.1944-nji ýylda Saýpan urşunda amerikaly esger Tomas Beýker agyr ýaralanýar. Ol özüni ýygnamaklaryna garşy cykýar we uruş meýdanynda galýar. Ýanyndaky dosty ony bir agaja söýäp we eline icinde 8 oky bolan pistoleti berip gidýär. Uruşdan soň onuň jesedi şol durşunda tapylýar we onuň töwereginde 8 sany atylan ýapon esgerleriniň jesetleri tapylýar. Seržant Tomas Beýker Amerikanyň iň ýokary harby sylagy bolan Hormat Medaly bilen sylaglandy.

28.Hic hacan ýagly iýmit bilen kofe icmäň. Kanadaly alymlaryň tejribesine görä, ýagly iýmit bilen kofeiniň garylmagy gandaky şekeriň mukdaryny 1 minutyň icinde saglyga howply derejä ýetirýär.

29.2010njy ýyldan bäri Ewerest dagynyň depesinde ýokary tizlikli wifi internet işläp başlady

30.Başda dünýä kartasynda adalaryň meýdanlary anyk öwrenilýäncä olaryň ýeri ak reňkde boş goýulýardy. Iň soňky adalar karta 1932nji ýylda goşuldy we dünýä kartasyndan ähli ak tegmiller aýryldy.

Toplan: Ovezova_
10
203
guli_
8 Awgust 2021
👏👏👏👍
Läle🌼
7 Awgust 2021
👍👍🙂
Ovezova_
7 Awgust 2021
IDEALLIDER,😅yorun
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
7 Awgust 2021
👏👏👏👏👏👏👏👏👏👍
ideallider
7 Awgust 2021
Ýörüňeeee Ewereste mugt wifi-ýa😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.