Ýarym galan işleri näme üçin unudyp bilemizok? Zeigarnikiň täsiri.
Görüp oturan kinoňyz käwagt gyzykly ýerinde birden gutarar, ýöne uzak wagtlap täsirinden çykyp bilmän gezýäňiz.
Diliňize bir aýdym çolaşar, yzyny ýadyňyza düşürip bilmersiňiz, uzyn günläp kelläňizde yzy nämekä diýip oýlanýäňyz.
Ekzamindan çykanyňyzdan soň jogaplap bilmedik soraglaryňyzy pikirlenýäňiz.
Dynç alyşa çykanyňyzda ýarym galan işiňiz kelläňizi meşgul edýär.
Görýän serýallaryňyz hem gyzykly ýerinde gutarýar, sebäbi senaristler ol sahnanyň indiki bölüme çenli siziň kelläňizi meşgul etjegini bilýär.
Muňa Zeigarnigiň täsiri diýilýär. Psihologiýada gutarylmadyk ýa-da bölünen zatlar, gutarylan zatlara görä aňsat ýatda galýar. Bu termin özüniň gözbaşyny rus psihology Bluma Zeigarnikden alýar.