Ovezova_
06.08.2021 23:48
Ýüregiñde galan bolsam,
Ýitenimiñ haýry näme.
Ýatlap ýörkäm gijelerne,
Gidenimiñ haýry näme.

Barybir aýry ýollarmyz,
Özgä uzady gollarmyz,
Jabrynyp ýerden gozganman,
Ýatanymyñ haýry näme.

Ýalan bilen bolup jora,
Halymy illerden sorap,
Meni idäp, menli oýa,
Batanyñda haýry näme.

Eýgertmez durmuş gämisi,
Bolsañ-da köñül dälisi,
Gahar edip, ar-namysyñ,
Satanyñda haýry näme.

Bakmaga ýüzüñ bolmasa,
Gepläre sözüñ bolmasa,
Bagtyñy Hudaý oñlasa,
Iteniñde haýry näme.

Berip öziñi menlige,
Uçsañ arzuwly menzile,
Barmasañ bagta meñ bile,
Ýeteniñde haýry näme.

Bar zady täzeden başlap,
Aglasañ gözlerñi ýaşlap,
Özüñ öz göwniñi hoşlap,
Öteniñde haýry näme.

Awtory: Baýram Bejidow
8
119
Ovezova_
1 Awgust 2022
Guli_,Gülhan,❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀,Ogulnabat,🙂
Ogulnabat
7 Awgust 2021
Ajayip gosgy👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
7 Awgust 2021
👏👏👏👏👍
Gülhan
7 Awgust 2021
Barmasaň bagta men bile.Ýeteniňde haýry näme?👌🏻
guli_
7 Awgust 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.