barlagcy
03.08.2021 15:25
Huşumda elýetmez beýik şaha sen
Nahal bolup düýşlerime girsene
Mährim bilen suwaraýyn, söýeýin
Bagymdaky bezeg bolup dursana.

Ýada bilbil bolup giräý düýşüme
Seniñ gelip gonjak güliñ bolaýyn
Owazyña sesim goşup sen bilen
Söýgimiziñ mukamyny çalaýyn.

Ömürleñ ýarysy ukyda geçýär
Ìñ bolmanda düýşlerimi beze sen
Hyýalymda arzuwlaryma gowşaýyn
Duýmaz ýaly yalñyzlygyñ yzasyn.
10
84
sahet_ashyrov
4 Awgust 2021
Malades
Gülhan
3 Awgust 2021
Haladym bu goşgyny 😊
Ovezova_
3 Awgust 2021
👏👏👏👏👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.