Bulary bilmek gyzykly
Ýatylýan otag näçe sowuk bolsa, şonça-da ýaramaz düýş görmek ähtimallygy artýandyr.
Adatça zenanlar erkeklere garanyňda, reňki gowy saýgarýarlar.
Beýni gözüň görýän zatlaryny 0,5 sekunt giç kabul edýär.
Her 5-7 ýyldan bolýan bir täsin hadysa Atakamanyň «gülleýän çöl» adyny almagyna sebäp boldy. Bu bolsa çölüň jöwzasyna garamazdan, ol ýerde gülgüne gülleriň gögerip, daş-töwerege öwşün atyp durmagydyr. Çöldäki bu gülleýiş döwri sentýabr aýyndan noýabr aýyna çenli dowam edýär.
Çybynlaryň dişleri bardyr.
Alymlar kebelekleriň 4800 km-e golaý aralyga uçup bilýändigini kesgitläpdirler.
Bir towugyň iň uzak uçuş wagty kesgitlenilende, ol 13 sekunda deň bolupdyr.
Çekirtgeler yzky aýaklaryndaky deşikler arkaly eşidip bilýärler.
Adamlaryň barmaklarynyň arkasy ýaly, dilleriniň yzy hem biri-birinden üýtgeşikdir.
Dünýädäki towuklaryň sany adam sanyndan köpdür.
Bir ary ýarym kilogram bal ýygnamak üçin 2 million güle gonmaly bolýar.
Mawy reňki görüp bilýän ýeke-täk guş baýguşdyr.
Adam bedenindäki süňkleriň dörtden biri aýaklaryndadyr.
Adam ortaça 7 minutda uka gidýär.
Žiraflar, takmynan, 53 sm bolan dilleri bilen gulaklaryny arassalap bilýärler. Şeýle-de olar suwsuzlyga düýelerden hem çydamlydyrlar.
Diňe towşanlar hem-de totuguşlar kellelerini öwürmän arkalaryny görüp bilýärler.