Ýagyşdan soň emele gelýän ysyň sebäbi anyklandy
Ýagyş ýagandan soňra peýda bolýan ýakymly ysyň sebäbi ylmy taýdan anyklandy. Alymlar bu ysyň döremegine sebäp bolýan himiki birleşmeleriň nädip ýüze çykýandygyny öwrendiler. Alymlaryň pikiriçe, «streptomyces» atly bakteriýa geosmin atly himiki birleşmäni döredýär. Bu himiki birleşme bolsa, ýagyşdan soňra peýda bolýan ysy emele getirýär. Angliýanyň Noriç şäherindäki Jon Innes ylmy-barlag merkeziniň alyp baran barlagyna şwesiýaly hünärmenler hem goldaw beripdirler. Ösümlik we mikrobiologiýa ugurlarynda iş alyp barýan merkeziň hünärmenleri bu bakteriýanyň gurçuklary özüne çekmek üçin şeýle ysy döredýändiklerini anykladylar. Ylmy işiň netijelerine görä, bakteriýalar güýçli antibiotikler bilen bir hatarda organik birleşmeleri hem döredýär. Dürli usullar arkaly geçirilen barlaglarda gurçuklaryň islendik şertde hem geosminiň emele getirýän ysyna tarap ýönelendikleri ýüze çykaryldy. Ylmy işiň netijeleri «Nature Microbiology» atly žurnalda çap edildi. Täze açyşyň bakteriýalaryň dürli ýokançlyklaryň öňüni almakda peýdalanmagyna ýardam etjekdigi mälim edildi.