"Söÿgi näme?" diÿen soraga biziń herimiz özümizçe jogap berÿäris. Bizden has kiçiler, ÿagny çagalar bu barada nähili pikirdekä? Eger size gyzykly bolsa onda Amerikaly psiholog professor Leo Baskaglionyñ çagalar bilen geçiren pikir sorašmasyny size ÿetirÿärin.
1. Haçanda enemde artrit bašlananda ol egilip bilmedi. Aÿaklarynyñ dyrnaklaryny welin öñküsi ÿaly reñkläsi geldi. Ana šonda oña atam reñkläp berdi. Bu söÿgi. (8 ÿašly Rebekka.)
2. Söÿgi - bu haçanda deregine hiç zat alman öz gyzardylan kartoškañdan bermek. (6 ÿašly Krissi.)
3. Söÿgi - bu haçanda ejem kakam üçin kofe taÿÿarlanda onuñ tagamynyñ gowulygyny bilmek üçin ilki özüniñ içip görmegi. (7 ÿašly Deni.)
4. Söÿgi - bu oglanjyga geÿen köÿneginiñ gowy gelišendigini aÿdanyñda onuñ her gün šony geÿmegi. (7 ÿašly Noel.)
5. Ejem hemmelerden beter meni söÿÿär, ÿatmazymdan öñ meni bašga ogšaÿanam ÿoga?! (5 ÿašly Kler.)
6. Söÿgi - bu.. Hmm.. Nahar iÿenimizde ejem kakamyñ gabyna iñ uly et bölegini goÿÿar. Šo söÿgidä. (5 ÿašly Eleÿn.)
7. Kakam išden gelende üst-bašy kir bolup, hapalanyp gelÿär. Özündenem gaty erbet deriñ ysy gelÿär. Ejem šonda-da ony gujaklaÿar we onuñ Robert Redforddanam owadandygyny aÿdÿar. Bu söÿgi. (8 ÿašly Kris.)
8. Söÿgi - bu güjüjegiñi bir günläp ÿeke goÿsañam seni göreninde ylgap gelip seni ÿalamagy. (4 ÿašly Mari Enn.)
9. Söÿgimi?.. Ine meselem meniñ uÿam meni gaty söÿÿär. Sebäbi ol öz köne ešikleriniñ ählisini maña berÿär. Özi bolsa söwda merkezine gidip täze ešikleri alynmaga mejbur bolÿar. (4 ÿašly Loren.)
10. Eger söÿmeÿän bolsañ ony aÿtmak gerek däl. Ÿöne çyndanam söÿÿän bolsañ onda köpräk aÿtmaly. Birden söÿÿän adamlaryñ ÿatdan çykaraÿsa nätjek?! (8 ÿašly Jesa.)
11. Her gün irden kakam ejemi ogšaÿar. Söÿgi šol. (5 ÿašly Kseniÿa.)
12. Çagalar bagynda bir gyz meniñ ÿañagymdan öpdi, šo söÿgidä. (5 ÿašly Kirill.)
Belki-de bize šulardan öwrenere zat bardyr😃