Ovezova_
02.08.2021 21:12
Goşun gullugyna ugradyp seni,
Sanadym sagady, her aýy, güni.
Eger görmän ölsem,bagyşla meni ,
Bar bolsa ýazygym öñüñde oğul.

Gyş ötdi, ýaz, tomus, bäşinji güýzem,
Nesip edermikä, görmek gül ýüzüñ,
Gulagymda ýanlanyp dur her sözüñ,
Çynar boýly, bugdaý sözli, ner, oğul.

Şahyra döndüm men duranok dilim,
Hiç bir iş etmage barmaýar elim.
Derdimi paýlaşýar deñ-duşum, ilim
Düýşümde-de, huşumda-da sen, oğul.

Dirimiñ sen, ýesir aldymy duşman,
Ýa şehit bolduñmy,serhetden aşman,
Ene bolanyma eýleýip puşman,
Täleýe ten berip aglaýan oğul.

Guşa ganat gerek, adama arzuw,
Barmyka, dünýede dokuzy düzüw.
Hindi guş dagyndan akyp gelýän suw.
Getirmezmi hat ýollasañ jan oğul.

Özüm ýetim ösdüm urşuñ derdinden,
Owgan urşy ýene basdy gerşimden.
Ýaradan saklasyn has beterinden,
Diýip, şükür edyän, nädeýin oğul.

Hyrytdakañ doldy on dokuz ýaşyñ,
Eýýäm ýigrim bäşe ýetipdir ýaşyñ.
Elbetde dirisiñ beremok aşyñ,
Bir yerde bar bolsañ,seslen, aý ogul!

Getirsinler oğlum, diri habaryñ
Süýünjim taýýar dur, bar hany -manym.
Bagrym bilen süýşüp barmaga taýyn,
Ýodasyz ýerlerden ýasap ýol oğul!

Ogulboldy BAÝRAMOWA
Ýaşlyk ž 1993ý
6
88
Myhman Myhman
2 Awgust 2021
👍👍👍👍👍
guli_
2 Awgust 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.