"Aklyk ýer"
Rowaýat
Bir baýyň ogly agyr derde sezewar bolýar. Köp tebipler onuň derdine derman tapmaýarlar. Ahyry bir garry tebip oglana em edip, ony aýak üstüne galdyrýar. Baý muňa begenjinden yaňa iki bolup bilmän:"Tebibe aklyk üçin pul bersem ol pul sowlup gider.Mal bersem ol hem wagtyň geçmegi bilen ýok bolup gider" diýip köp oýlanýar. Ahyry aklyk haky üçin ýer bermegi makul görüp, bir bölek ýer berýär. Șol berlen ýer garry tebibiň ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna miras bolup galýar. Häli-häzirler hem șol ýer "Aklyk ýer" adyny göterip gelýärmiș. Șu rowaýat esasynda:
At bersem arjak,
Don bersem tozjak,
Zer bersem sowjak,
Ýer bereýin saňa__
diýen aýtgy döräpdir.
(Mahmyt Zamahșarynyň "Yagșyzadalaryň bahary" kitabyndan)