__Adam ylym Atasyny özi saýlaýar. Kim adamyň ruhy daýanjyna öwrülip bilse, șol hem ylym Ata saýylýar.
__Ruhy ahwalatlar hem adamyň ýüzüni açýar. Päli bozuklar hiç bir ýagdaýda-da kän bozulyp durmaýar.
__Bir elden tutdyrmajak bolsa,ikinji garpyzyň bahasy alynaýsa näderka?!
__Biriniň öýünde,başga biriniň bolsa kalbynda ýaşaýan adam edil uzak ýerden gatnap işleýän ýalydyr.
__Çaga iki atanyň_mekdep bilen maşgalanyň perzendi.Öýde mugallymyň,mekdepde ata-enäniň sarpasy tutulmasa,ähli ýük bir egne düşýär.
__Çaga-da edil Hudaý ýaly,eçilse soran zadyňy berýär.Ýöne berenini çaga yzyna aglap alýar,Hudaý__agladyp.
__Durmuşda-da edil nahardaky ýaly,dişiň ötmejek we siňdirip bilmejek zatlaryňdan daş durmaly.
__Gizlenýän aýyp,aç-açan binamyslykdan müň paý gowudyr.Ýalaňaç özi utanmasa-da märekäni utandyrar.