Ovezova_
31.07.2021 13:13
Bir danadan sorapdyrlar:
— «Söýýän!» sözi diňe dilinde bolan adamlar bilen ýürekden söýýänleri nädip tapawutlandyrmaly?
Dana:
— Serediň, görkezeýin — diýipdir-de, supra ýaýypdyr.
Ilki bilen «dilinde» söýýänleri çagyrypdyr. Ýyljajyk çorba hödür edilipdir. Ýany bilen hem derwüş çemçesi diýlip atlandyrylýan uzyn saply çemçe äberilipdir.Çorbalary şol çemçäniň sapynyň ujundan tutup içmelidigi aýdylypdyr. Her kim oňardygyndan döküp-saçyp içmäge synanyşypdyr, ýöne aňyrsyna zat barmansoň, goýbolsun edip, aç gaýdypdyrlar.
Olar gidensoň, ýüz-gözleri mähirden dolup duran ýürekden söýýänler çagyrylyp, edil şol şert bilen çorba berlipdir. Olar çemçäniň ujundan tutup, biri-birlerine içiripdirler. Şeýdibem, dostlaryny doýrup, özleri-de doýupdyrlar.
Kimde - kim durmuş saçagynda diňe özüni bilip, betnebislik etse, aç galar. Töweregindäkileri doýran bolsa, dok bolar.
7
166
Ovezova_
31 Iýul 2021
IDEALLIDER,dogry
ideallider
31 Iýul 2021
Ajaýyp tymsallaryň biri. Köp adamlar söýgi meselesinden kösenip maslahat sorapgelýärler. Şomahal şeýle zatlar düşündirýärsiňwrli olar saňa "Samsyk zatlar gürleýäň, nämäniň nämedigine aklyň ýetenok" diýip geňirgenýärler. Kämahal olaryň diýenlerine özümem ynanýan. Sebäbi şeýle adamlara janygyp düşündirýän adama akylly diýip bolmaz 🙂👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
31 Iýul 2021
👏👏👏👏👍
guli_
31 Iýul 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.