Ogulnabat
30.07.2021 15:27
Ýagşylyk synagy.

Bir oglan halypasy bilen gezelenje çykypdyr.Olar ýöräp barýarka,köçäniň gyrasynda duran köne köwşe gözleri düşýär.Bu aýakgabyň daýhanyňky bolmagy ähtimaldy.Oglan halypasyna:
_Men köwşüň eýesi bilen biraz degişesim gelýär.Ilki onuň aýakgabyny bukaýyn,soňra onuň näme edýänini göreli_diýýär.
Dana oňa:
_Oglum,hiç haçan horlukda we mätäçlikde ýaşaýan adamlar bilen oýun etmegin!Sen ol garypdan baý ýaşaýaň ahyryn,eger-de onuň göwnüni açmak isleseň,her köwşüne bir tylladan okla.Soňra biz agaja bukulyp,daýhanyň özüni alyp baryşyny daşyndan synlarys diýipdir.
Ýaş oglan onuň aýdyşy ýaly aýakgaba teňňe salansoň,ikisem golaýdaky agajyň arkasynda bukulýar.Birnäçe wagtdan soň ýaňky köwşüň duran ýerine işini tamamlan daýhan gelýär.Ol aýakgabyny geýende içinde bir zadyň bardygyny duýýar.Biynjalyk eden zada daşdyr öýden daýhan köwşüni alyp silkýär.Ýere daş däl-de,altyn teňňe gaçanyny gören daýhan geň galyp seredýär.Daýhan esli wagt töweregine garanjaklasa-da hiç kime gözi düşmeýär.Ol gözüne ynanman,teňňä gayta-gayta äňedýär.Soňra ony yerden galdyryp jübsine salýar.Bu tapyndydan soň daýhan dyzyna çöküp,ýüzüni asmana dikip,dileg edýär.Şeýle gudraty çagalaryny açlykdan çykarmaga we ýarawsyz aýalyny keselden gutarmaga kömeginiň degjekdigi üçin Alla alkyş baryny aýdýar.
Oglan bu gören zatlaryna tolgunmakdan ýaňa gözüne ýaş aýlaýar.Halypasy oňa:
_Eger-de sen öz isleýşiň dek hereket eden bolsaň,şu pursat özüňi häzirki ýaly bagtly duýmazdyň_diýipdir.
Şonda oglan halypasyna gözüniň alnynda bolup geçen bu hadysanyň bütin ömrüne sapakdygyny aýdypdyr.Berseň,berekediň artjakdygyna düşünen oglan ýene-de ýagşylyk etmäge howlugypdyr.

Rus dilinden terjime eden Amanbike Babaýewa
7
87
Ogulnabat
30 Iýul 2021
IDEALLIDER,👍👍👍
ideallider
30 Iýul 2021
👍🙂👍👍👍
Ogulnabat
30 Iýul 2021
Ovezova_,👍
Ovezova_
30 Iýul 2021
👏👏👏😊
Ogulnabat
30 Iýul 2021
SimpleGirl,👸👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
30 Iýul 2021
👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👍(◕ᴥ◕)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.