Ovezova_
29.07.2021 18:39
Owadan sözleri gözläp oturma,
Gerek bolsa olañ özi tapylar,
Owadan sözleri näçe gözleseñ,
Olar senden şonçaragam bukular.

Owadan gyzlary gözläp oturma,
Bir gün bagtyñ gapylary açylar,
Sen arzuw edersiñ owadan gyzy,
Ýöne saña bigörküni eçiler.

Senem ony halamasañ söýmeseň,
Olam saña birehimlik eçiler,
Kelläñ barka uzyn şahly bolmagy,
Arzuw edýär diñe kelek geçiler.

Owadan şahyry gözläp oturma,
Şygyrlary dömýär içden, kükrekden,
Belki owadanlyk gözleýän bolsañ,
Daşkeşpden däl gözle ony ýürekden.

Sen ony goşgydan , sözden gözleme,
Gözle ony çölden, dagdan, düzlerden,
Owadanlygam-a gerekdir welin,
Mähribanlyk gitmäwersin ýüzlerden.

Awtory: Bayram Bejidow
5
66
Ogulnabat
29 Iýul 2021
👍 👍 👍
guli_
29 Iýul 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.