Alajanyň taryhyndan.
Öten zamanlarda küren obada bir maşgalanyň ýeke-täk gyzy bolupdyr.Bu gyzy öz maşgalasam,oba adamalaram diýseň gowy görüpdirler.Ol hemişe,kiçiliginden başlap,tä ulalyp ýetişen gyz bolanda-da obanyň çetinde ýerleşýän bir guýudan suw daşar eken.Bu gyzyň gün geçdigi saýyn owadanlaşyp,görk-görmegi artyp barýarmyş.Günleriň birinde guýynyň t
töwereginde ýaşaýan bir ýylan bu gyza aşyk bolupdyr.
Ol ýylan gyza aşyk gözleri bilen garanynda görmegeý,boý oglana öwrüler eken.Gyz günde suw almaga baran wagtynda ýylan_oglan bir ýerlerden peýda bolar eken-de,gyzy her gün öýlerine çenli ugradar eken.Oba gelip gyz öýleriniň gapysyndan girip gözden ýiten badyna oglan ýylana öwrüler eken.Bu ýagdaýy bolsa oba adamlary görüp haýran galypdyrlar.Ony soňky görenlerinden soň obada mallar ýitip başlaýar.Bir gün biriniň sygry ýitse,başga bir gün yene biriniň süri goýuny ýitip,adamlary dowla salypdyr.Oba adamlary ahyry bu ýagdaýy kimden görjeklerini bilmänsoňlar şol ýylana şübhelenipdirler.Olar dil düwşüp,ýaňky ýylany öldürmeli edipdirler we günleriň birinde amatly wagt tutup,ýylany öldüripdirler.Ertesi gün magşuk gyz guýa suw almaga baranynda,öňünde aşyk ýylanyň läşi ýatanmyş.Muny gören gyz ýer bagyrtlap,zaryn aglapdyr we esli wagtdan soň öýlerine dolanyldyr.
Oba arasynda bu gyzyň dällirändigi hakynda gep-gürrüň ýaýrapdyr.Ahyry bu gep-gürrüňe çydamadyk,gyzyň gelnejesi muňa edil şol ýylany meňzedip ýüplerden alaja örüp,boýnundan asmagy maslahat beripdir.Gyz gelnejesiniň maslahatyna eýerip,ýaňky aşyk ýylana meňzedip ak,gara ýüplerden owadan,öwşün atyp duran alaja örüp,boýnundan asyp geziberipdir.
"Alnyňdan çykan ala ýylan hem bolsa al-da boýnuňa dak" diýen aýtgy hem şu rowaýatdan emele gelipdir.Ata-babalarymyzyň paýhasyndan dörän dürli çeşmelere görä il arasynda:"Her kimiň öz nesibesi öz öňünden çykar" diýlip aýdylýar.
Alaja diňe bir göz-dilden gorasyn diýlip çagalaryň boýnundan dakylman,eysem,türkmen gelin-gyzlarmyzyň on barmagynyň hünärleri bolan ähli el işlerine-de özüniň aýratyn öwüşginini berýär.Ýagny,türkmen halylaryna-da,el keşdelerine-de,salnyp,olary has hem ajaýyp görnüşe getirýär.
Taýýarlan:Merjen Atagarryýewa