Indi hiç zat ýüregimi gozganok,
Ýer ýok onda şatlyga-da, gama-da.
Düýn gowy dostumyň kyrkyny sowdum,
Bu günem bir toýda boldum tamada.
Dünýäniň şowhuny azalan ýaly,
Ýekelik höwesi aňyma ýaýran.
Edil häzir jaýlar uçup gitse-de
Ahmal, men şoňa-da galmaryn haýran.
Her zat boljak eken ýagty dünýäde,
Bolman biljek eken, bolmaly zadam.
Hergiz ýazgydyndan n-razy bolsa,
Ýürekdeş dostuny küýseýär adam.
Menem seni küýsäp, meýdana çykdym,
Çopantelpekleri söýdüm, ysgadym.
Şolara-da ýaman nebsim agyrýar,
Olaryňam galan ömri gysgadyr.
Çünki, ýene güýz gelipdir äleme,
Çygly şemal kän öwüsýär ilerden.
...Sen bile sary gül ýygardym weli,
Uzakda sen gülüň parhyn bilerden.
Çary Ýegenmyradow