Rubagylar çemeni.
Ýigit sada bolsun, türkana bolsun,
Gyzlaram yșnakly görkana bolsun!
Bedew bady bilen barýan ýurdumda,
Ýașlar bagtly bolsun, erkana bolsun!
***
Gowyň gapdalynda mydam erbet bar,
Erbetde däl,gowulykda gurbat bar.
Ýalançyň takady,ygrary bolmaz,
Çyn sözlüde sabyr,takat,nurbat bar.
***
Aýyň aýdyň,Günüň bolar güneşli,
Zähmediň rehnetli,oýnuň ýeňişli.
Dostluk höküm sürýän bolsa eger-de,
Ähli işler edilýändir geňeşli.
***
Azaşana ýoldur-ýoda bolsadym,
Gark bolup barýana ada bolsadym.
Iller maňa juda mekir diýýärler,
Wah,menem il ýaly sada bolsadym.
***
Kadasy-kanuny bardyr her zadyň,
Ugry bar ýakynyň,täri bar ýadyň.
Eger şol kadany,ugry tapmasaň,
Allatagala-da ýetişmez dadyň.
***
Iyul epgek bolup owusdi,geçdi,
Orruk tomsy ikä böwüsdi,geçdi.
Awgust çigreklije gijeler bilen,
Altyn güýzümize towusdy,geçdi.
***
Göwnüm çakdanaşa,örän näzik men,
Gahara gazap men,öykä azyk men.
Ýöne özüm saklamaga çalyşýan,
Boş sözlere,öwgülere azykman.
***
Türkmenimiň ýigidi siz,gyzy siz,
Şat halkymyň aýdymy siz,sazy siz.
Pederlerniň kesbin arşa göterjek,
Türkmenimiň dowamaty,yzy siz.
***
Odunyň öl bolsa ýanmaz ekeni,
Gury ýere siňek gonmaz ekeni.
Çagaň bihepbesi janyňy ýakar,
Ene-ata ondan dynmaz ekeni.
***
Ýola çyksaň müň adama duş bolýaň,
Gulak bolýaň,akyl bolýaň,huş bolýaň.
Märekede dile dyngy bermeseň,
Öz-özüň bilmezden ile paş bolýaň.
***
It üýrse-de kerwen geçip barýandyr,
Duzak ýerde durna uçup barýandyr.
Isleseňem,eger,islemeseňem,
Günüň dogup,hemem öçüp barýandyr.
***
Al asmana uçup gitdim birden men,
Indi şat men,gama batyp örtenmen.
Elmydama araňyzda gezýärin,
Güýç kuwwat alýaryn ene ýerden men.
***
Şaha gonan guşy uçurmadym men,
Ýa ony kesekläp,gaçyrmadym men.
Ýolda gabatlaşýan her bir kişini,
Deňimden salamsyz geçirmedim men.
***
Suw bolsam bugaryp,asmana galsam,
Ýagyş bolup,yza öwrülip gelsem.
Öňküje towlanyp akan ýerlerme,
Ýene-de bir öwra nazarym salsam.
***
Görmeklä seredip,şekilli boldum,
Okadym,owrendim,nakylly boldum.
Hiç bir zady oýlap,tapyp bilmedim,
il-günden öwrendim,akylly boldum.
***
Wagt diýilýän zat etjegin eder,
Ony äsgermeseň bilýärmiň,näder?
Kimi çoýar,kimseleri äkider,
Sxoň uçin wagtdan edýärin heder.
***
Men hurma gözleýän,badam gözleýän,
Ýakynam gözleýän,ýadam gözleýän.
Garradym,segseni tegeläp barýan,
Gürrüňim diňläre adam gözleýän
***
Segsenden togsany kowalap barýan,
Öz ýanymdan özüm gowulap barýan.
Durmuşyň yzynda mübtela bolup,
Rysgymyň yzyndan kowalap barýan.
***
Ýere bakyp barýan,öňüm görünýär,
Hem-ä yzym,hemem deňim görünýär,
Özge bilen özüm deňän halatym,
Artygym tapamok,kemim görünýär.
***
Ýörelmedik ýerden ýol ýasaýarys,
Tozap ýatan çölden köz ýasaýarys.
Täze -täze etraplary açyarys,
Oba-şäher,uly il yasaýarys.
***
Özüňi ýeňmegi başarmak gerek,
Içki syryň ilden ýaşyrmak gerek.
Uly işe başlamazdan öňürti,
Toşap gaýnadýan dek bişirmek gerek.
***
Kenarda bir minut dursaňyzlaň siz,
Suwuň akyşyny görseňizläň siz.
Suwsuz ýaşaýyşyň bolmaýandygna,
Pikir eýläp,üns berseňizläň siz.
***
Ynanaýgyn,öňden bir zat diýseler,
Gör,ne geňsi bişip otyr igdeler.
Ata-babalarmyz aýdyp geçendir:
"Igde iýen adam hökman ýigdeler"
***
Men baý däl men,ýöne weli bagtly,
Öz öýümde zümerretden tagtly.
Bir näkesden bolgusyz gep eşitsem,
Jogabym nesýe däl,daş dek nagtly.
***
Şükür edýän azan bilen turanma,
Daňyň atyp,günüň dogşun görenme.
Deň-duşlarmyň çökeni bar,ýogy bar,
Onsam şükür edýän gezip ýörenme.
***
Ýüregim agyrýar,çalaja duýýan,
Içimden pyşyrdap,ne bolýar diýýän.
Göwrämde sagadym,diňe ýüregim,
Şoň üçin ýüregim ýürekden söýýän.
***
Çem gelen ýerde-hä görünmedim men,
Gaçanyň üstüne sürünmedim men.
Elmydama Haky gözläp ýörşüme,
Ýalan söze asla berilmedim men.
Awtor:Meretgeldi Durdyýew