Öý bikesi üçin peýdaly maslahatlar
Öý bikeleri köp wagtyny aşhanada geçirmeli bolýarlar. Şeýle bolansoň, käbir işleriň aňsat ýollaryny bilmek, wagtyňyzy tygşytlamaga kömek eder. Geliň, olaryň käbirine seredeliň!
Eger nahara kelem ýa-da gök otlary atjak bolsaňyz, ilki duzly sowuk suwda 10-15 minut goýuň! Şeýlelikde, onuň reňki üýtgemez.
Çorbaňyzyň duzy köp bolan bolsa, içine kesilen kartoşka atyň! Kartoşka onuň duzuny özüne çekýär.
Howurpeçden çykaran kökäňiz gabyndan çykmaýan bolsa, birsalym çygly esginiň üstünde goýuň!
Gaýnadylan ýumurtganyň aňsat artylmagy üçin suwa salmazdan öň aşagyny iňňe bilen deşiň! Şeýlelikde, gaýnandan soňra aňsatlyk bilen gabygy aýrylar. Munuň ýene bir usuly bolsa, ýumurtganyň gaýnadylýan suwuna biraz çaý sodasy atmaly.
Mikrotolkunly peçde nahar gyzdyrjak bolsaňyz, onuň guramazlygy üçin gapdalyna bir bulgur suw goýuň!
Unuň içine lawr ýapragyny goýsaňyz ol uzak wagtlap zaýalanman durar.
Maňňalda balyk bişireniňizde ýapyşmazlygy üçin aşagyna kesilen limon bölejiklerini goýuň!
Gazanyň içindäki gaýnap duran süýdüň ýa-da çorbanyň çogmazlygy üçin üstüne agaç çemçe goýuň!
Sowadyjyňyzdaky çyglylygy aýyrmak üçin iki çaý çemçesi duz salyp goýuň we bir gije durandan soňra aýyryň!
Sowadyjyňyzdaky ýakymsyz ysy aýyrmak üçin bir käse kofe ýa-da gabardyjy külke goýuň!