Dürli kesellere garşy göreşde iýmitlenmek möhüm rol oýnaýar.Meşhur kök gök önümiň şiresi birbada birnäçe keseli ýeňip geçip biljekdigi ýüze çykdy.
Esasy iýmit maddalarynyň biri beta-karotin, immuniteti ýokarlandyrýan we saglygy gowulaşdyrýan witaminleriň çeşmesidir.Bu käşir şiresi hakda. Onuň esasy artykmaçlyklary “Express” tarapyndan sanalandyr.
Ýüregi goraýar
Käşir, gany dogry kadalaşdyrmakda möhüm rol oýnaýan kaliýiň gowy çeşmesidir.Kaliý köp bolan berhiz ýokary gan basyşyndan we insultdan goraýar. Mundan başga-da, ýokary holesterini bolan 17 adamyň üstünde üç aýlap geçirilen gözlegde, günde iki stakan (480 ml) käşir şiresi içmek, gandaky antioksidantlaryň mukdaryny ep-esli ýokarlandyrandygyny we ýürek keselleriniň döremek howpuny peseldýän lipid okislenmesiniň azalandygyny ýüze çykardy.
Bagry arassalaýar
Käşir suwundaky karotinoidler bagryň saglygyna goşant goşýar.Mundan başga-da, käbir gözlegler karotinoidleriň çişmä garşy we antioksidant täsirleriniň alkogolsyz ýagly bagyr keselinden goraýandygyny görkezdi.
Deriniň saglygyny gowulandyrýar
Käşir suwunyň düzüminde C witamini we beta-karotin, deriniň zeperlenmeginden we daşky görnüşini gowulaşdyryp bilýän iki antioksidant bar.Bir stakan käşir suwunyň gündelik C witaminiň 20% -den gowragyny üpjün edýändigi bellenilýär.Mundan başga-da, içgi deriniň çeýeligini we güýjüni berýär, ýokançlyga garşy durmak ukybyny ýokarlandyrýar we çişme alamatlaryny azaldýar.
Düwnük keselini peseldýär
Birnäçe gözleg, käşiriň dürli düwnük kesellerinden goramakda esasy rol oýnaýandygyny görkezdi.Käşiriň öňüni alyş täsiri esasan karotinoidleriň köp bolmagy bilen baglanyşyklydyr.Amerikanyň Düwnük barlagy institutynyň habaryna görä, käşir ýaly miweleri we krahmal däl gök önümleri iýmek, agzyň, gyzylödegiň, öýkeniň we aşgazanyň düwnük keseliniň döremek howpuny peseldip biler