barlagcy
24.07.2021 11:40
Oturdym: Ýer-göge nazar aýladym,
Dünýä köne, sowal-jogabam köne.
Aýrylygyň nämedigin aýdaýyn,
Söýgiň nämedigini soramaň ýöne.

Aýdaýyn men nämedigin gussanyň
Şatlyk näme? — Ony soramaň menden,
Alajyn tapmadym göge uçmanyň,
Ýerde-de derdime tapmadym melhem.

Men durmuşda agyr ýoly saýladym,
Aýdym ýazdym, ýürek-bagrym dilinse.
Betbagtlygyň nämedigin aýdaýyn,
Bagty bagtlylardan soraň gidiň-de!..

Nobatguly Rejepow
16
316
Gözlegçi
6 Noýabr 2021
Salam Dówran siziñ ówrenmelide bardygyñyzy postlary okap dogrusy begendim gowymy siz ?Medine
guli_
24 Iýul 2021
👏👏👏👍
barlagcy
24 Iýul 2021
Myhman Myhman, salam myhman kop.minnetdar size. Hakykat gowy goşgy durmuş bilen aýrylmaz bagly fantastika yada yuwanlyk yok
Myhman Myhman
24 Iýul 2021
Barlagçy salam goşgyny haladym sagbol⭐⭐⭐⭐⭐
barlagcy
24 Iýul 2021
M.M, salam ay janyn sag bolsun soranyn un mena soragym yok
M.M
24 Iýul 2021
Salam dostlar menlik name soraglarnyz bar?
Myhman Myhman
24 Iýul 2021
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.