guli_
23.07.2021 20:57
Saçlar näme üçin düşýär?

Bilermenleriň aýt­ma­gy­na gö­rä, sa­çyň her ta­ry 4-6 ýyl sak­la­nyp, soň­ra düş­ýär. Bir gü­nüň do­wa­myn­da sa­çyň 50-100 ta­ry­nyň düş­me­gi ada­ty ýag­daý ha­sap­lan­ýar. Şu aşak­da­ky­lar saç­la­ryň adat­da­ky­syn­dan çalt düş­me­gi­ne se­bäp bol­ýar:

1. Nesil yzarlama: Esa­san hem, er­kek­ler­de saç düş­me­gi­niň ne­sil yzar­la­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Gen­ler ar­ka­ly geç­ýän gar­mon­lar sa­çyň düş­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Ir­ki ýaş­lar­da al­nan be­jer­gi­ler sa­çyň düş­me­gi­niň ýy­gy­ly­gy­ny azald­ýar.

2. De­ri: De­ri ke­sel­le­ri sa­çyň düş­me­gi­ne se­bäp bol­ýan esa­sy ýag­daý­la­ryň bi­ri­dir. Sa­çyň de­ri­si­ne ke­sel ýo­ku­şan ha­la­tyn­da saç­la­ryň düý­bi gow­şap, düş­mä­ge baş­la­ýar. Dog­ry be­jer­gi al­nan ýag­da­ýyn­da saç düş­me­gi­ni bes eder. Mu­nuň üçin de­ri ke­sel­le­ri luk­man­la­ry­na ýüz tut­mak mas­la­hat be­ril­ýär.

3. Iý­mit­len­mek: Saç hem be­de­ni­mi­ziň beý­le­ki öý­jük­le­ri ýa­ly jan­ly or­ga­nizm­dir. Şol se­bäp­den hem sa­çyň yzy­gi­der­li iý­mit­len­me­gi wa­jyp­dyr. Dog­ry iý­mit­len­me­dik ýag­da­ýy­myz­da ýa-da uzak wagt­lap aç ge­ze­ni­miz­de düş­ýän saç tar­la­ry­nyň sa­ny kö­pe­ler. Mu­nuň be­jer­gi­si örän aň­sat­dyr: dog­ry iý­mit­len­me­li.

4. Wi­ta­min­ler: Dog­ry iý­mit­len­se­ňiz hem saç­la­ry­ňyz düş­ýän bol­sa, ge­rek­li wi­ta­min­le­ri ka­bul et­me­li­si­ňiz. B12 we D wi­ta­min­le­ri, şeý­le hem dü­zü­min­de de­mir köp bo­lan iý­mit­le­ri iý­me­li­si­ňiz.

5. Stres: Saç­lar gün­de­lik ýa­şa­ýyş­da bo­lup geç­ýän üýt­geş­me­ler­den çalt tä­sir­len­ýär. Ýo­ka­ry stres saç düş­me­gi­ne se­bäp bol­ýan fak­tor­la­ryň bi­ri­dir. Sa­çy­ňyz adat­da­ky­dan köp düşüp baş­lan bol­sa, il­ki bi­len dur­mu­şy­ňyz­da­ky göwnüçökgünligi ýe­ňip geç­me­giň ug­ru­ny ta­pyň. Eger şon­dan soň­ra hem saçyňyzyň düş­me­gi do­wam et­se, de­ri ke­sel­le­ri luk­man­la­ry­na ýüz tu­tuň!
8
236
guli_
24 Iýul 2021
IDEALLIDER,Dogrydyr...yone belki geljekde gerek bolar bu maslahatlar😏
ideallider
24 Iýul 2021
Hehe saç meselesinde meňä aladamýok😋👍
guli_
24 Iýul 2021
Turkmenogly,Minnetdar👍
guli_
24 Iýul 2021
Myhman Myhman,Minnetdar👍
Myhman Myhman
24 Iýul 2021
Gowy maglumat sagbol👍👍👍
guli_
23 Iýul 2021
D.S,Minnetdar)
guli_
23 Iýul 2021
Ogulnabat,Minnetdar♥
Ogulnabat
23 Iýul 2021
Guli_,😘gowy maglumatlar goyupsyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.