Greenleaf
23.07.2021 12:53
20-nji bap Hudaýguly çopan köp çarşenbäni başyndan geçi-ren, paýhasly bir adamdy. Onuň goşuna mes bolup baranlar pikire batyp gaýdardy, gaýga çümüp baranlaram şat bolardy.
Onuň Boýnak atly bir iti bardy, beýleki itlere my-dama baş bolardy. Özem her gün agşam goş bilen süriniň arasynda garysyny ýassanyp, Hudaýguly çopanyň gürrüňlerini diňläp ýatmagy juda gowy görerdi. Şonuň üçin bolsa-da ahmal, Boýnagyň akyly akyllary haýran ederdi. Ýöne bu gün agşam goşdaky gürrüňiň mazasy bolmady. Hudaýguly çopanyň öňki bolşy ýok, birhili aladaly, ünjüli görünýär. Ýygy-ýygydan daş çykyp, asmana seredýär, sürä aýlanýar, itlerini barlap görýär.
Gürlemek gezegini bu gün onuň kömekçisi Japar alypdyr. Neressäniň içi gep-gürrüňden dolup giden eken. Çöl hakdamy, oba hakdamy, goýundyr geçi, möjekler hakdamy, geň-enaýy ýurtlar hakdamy...
gürläp gidip otyr. Käte-käte Hudaýguly çopan onuň gürrüňini bölüp, daş çykyberse, oňa ýakanok.
— Ýak, Hudaýguly aga, şu wagta çenli hiç döw çalmadyk sürä indi näme bolar öýdýäň? Otur-da arkaýyn gürrüň diňläp... — diýip hüňňürdeýär.
— Gürrüňem-ä gürrüňdir welin, inim, şü şemalyň häzirki öwsüşi hiç maňzyma batanok. Şu gün bolma-sa-da, erte dagy howa bulaşaýmasa diýýän! — diýip, Hudaýguly aga-da daş çykýar.
Japaryň bir möjek çagasy barada beren gürrüňini welin, Hudaýguly çopanam, Boýnagam, bu söhbeti ogrynça diňläp duran üçünji bir jandaram oňlamadylar.
— Bir gün gelýärkäm, möjek çagasyna gabat gel-dim, eşekden bökägede, düşdüm ýaňkynyň ökjesine!
— diýip, Japar söze başlady. — Aý, ýaman gaty gaç-ýan eken peläket. Şonda-da tutdum-ow... Tutmasyn-a tutdum welin, soň nätjegimi bilmedim. Öldürseň-ä, bir boljak däl, men möjekleriň edähedine belet, çagasyny öldürseň, soň süriňi gyrgyna bermän goýanoklar. Goýberseň, ýene bir duşmanyň köpeljek...
— Ýeri, nätdiň onsoň?
— Nädendir öýdýäň? Ýanymda iňňe-sapagym bardy, alagada, ýaňky möjek çagasynyň otyrýerini tikip goýberdim.
— Ony näme üçin beýtdiň?!
— Ýak, Hudaýguly aga, şunça ýylyň çopany bo-lup, şonuň näme üçin şeýdilýäninem bileňokmy! Şeý-dip goýberseň, ýaňky möjek çagasy iýenini daşyna çykaryp bilmän, uzak gije uwlap çykýar, onsoň möjekler «Ordanyň üstüni açaýmasyn!» diýip, ony özleri bogup öldürýärler. Düşündiňmi indi?!
— Sen, Japar, kän zady bilýäň, köp zady oňarýaň, ýöne... — Hudaýguly çopan gaşlaryny çytdy. — Ýöne, sen doňýürek adam, sende rehim-şepagat ýok.
— Bolaýd-ow büýä! Näme, men öz duşmanyma rehim ederinmi eýsem? «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýipdirler.
— Adam çagasy bolsun, gurt-gaplaň çagasy bolsun, çaga çagadyr. Çagada näme günä bolsun!
— Bu gün çaga bolsa-da, ertir görseň, dişlerini çarhlap oturan möjekdir.
Daşarda garysyny ýassanyp ýatan Boýnak her gezek «möjek» sözüni eşidende, başyny galdyryp, hüşerilýärdi.
Şol barmaşa, hol aňyrda bir zat gymyldan ýaly boldy. Boýnak heniz ýitiligini ýitirmedik gözlerine şunça zor salsa-da, garaňkyda oňly zat saýgaryp bilmedi. Ysyrgandy, del ysam ýok. Sürem asuda ýa-tyr. «Beh, ätiýaçdan üýräýsemmikäm-aý?» diýip, Boýnak ikirjiňläp durdy. Soňam «Aý, biderek zat üçin üýrüp, uly ili bimaza etmäýin-le!» diýen karara geldi-de, turup, töweregi barlamaga gitdi. Töwerek ümsümlik. Boýnak biraz ynjalyp, yza dönen mahaly, ýeňsesinden «Eý, köpek dost!» diýen pessaýja ses eşidildi.
Öwrülip, üç-dört ädim ätse, öňünde bir möjek dur. «Wah, görmäýşimi... garrapdyryn-ow!» diýip, Boýnak ahmyrly oýlandy-da, beýleki itlere habar bermek üçin agzyny açdy.
— Dur, köpek dost! Entek meniň habarymy bir al! — diýip, ýaňky möjek dillendi.
— Möjegiň habary belli-le! — diýip, Boýnak ýe-ne üýrmäge häzirlendi.
— Men möjek däl. Ýok, möjekligime möjek-de, ýöne oglan-möjek...
Boýnak geňirgendi. «Bu meni oýnajak bolýarmy-ka ýa-da gepe güýmäp, ahmal goýaryn öýdýärmikä? — diýip, ol pikir etdi. — Şu wagta çenli bir-ä şeýdip göni gelen möjegi görmändim, birem oglan-möjek, gyz-möjek diýip eşitmändim. Näme bolsa-da, bu ýer-de bir üýtgeşiklig-ä bar...» — Hany, habaryňy aýt-da, basym ýeňsäňi el ýaly et! — diýip, Boýnak möjege azm urdy.
— Ýuwaşrak, köpek dost, ýuwaşrak! Men adyňam bilemok seniň...
— Adamlar-a maňa Boýnak diýýärler. Senem näme diýseň şony diý! Ýöne gepiňi gysgalt!
— Wah, Boýnak dost, menem adam ahyryn... Aý, onuň gürrüňini soň ederis... Siz, hemmäňiz, ertir ag-şam aýak üstünde boluň. Eýäňe-de nädip düşündirseň düşündir. Ertir agşam siziň süriňize tutuş bir möjek ordasy çozýar. Ýekegulak möjegiň ordasy...
— Bohow, Ýekegulak entegem dirimi? Onuň bir gulagyny goparan-a özümdirin. Bu gezek gelsin bakaly, kellesini sogrup, öňüne taşlaýyn.
— Onçasyny özüň bil! Meniňki bir aýtmak. Onsoňam diňle, Ýekegulagyň plany şeýle: men itleri örüzmeli-de, aýagaldygyma gaçmaly, olaryň ünsüni özüme sowmaly. Şol wagt beýleki möjekler süriniň yk tarapyndan gelip, çozmaly. Olar etjegini edip, yzlaryna gaçansoňam, Ýekegulagyň özi süriniň ortasynda bukulyp galjakdyr. «Şu gezekde öňki-soňky arymy ýerine salaryn!» diýýär. Şonuň üçinem biriňiz süriniň ortasynda boluň... Anha, hojaýynyňam daş çykdy öýdýän. Men gitdim! Ýoldaşlaryňa aýt, ertir meni gaty çyny bilen dalamasynlar, haýyş!
Oglan-möjek şeýle diýip, garaňka siňip gitdi.



21-nji bap Serdar möjegiň «bütin Garagumuň taryhynda galar» diýýän taryhy hüjümi başlandy. Diňe ene möjek sürä çozmakdan boýun towlady diýmeseň, ähli zat planda bellenilendäkisi ýaly: howanyň tüýsi üýt-gedi, güýçli ýel turdy, ýyldyrym çakyp, gök gübür-däp, asman ýyrtylara geldi. Ine, şol wagtam täze gelen möjek özünden möjek ysynyň gelmeýändiginden peýdalanyp, Hudaýguly çopanyň sürüsiniň ýele tara-pyndan arkaýyn bardy-da, itleri örüzdi. Çopanlary başagaýlyga saldy. Soňam uzyn uwlap, gelen tarapy-na ökjäni göterdi. Onuň mekgesine münen itler wa-gyrdysy daşlaşyberende, serdar bukuda ýatan nöker-lerini aýaga galdyrdy-da, sürä tarap at goýdy. Baryp süriniň edil ortasyna kürsäp urdy.
...Ýeňseden ýaňlanan batly tarkyldyny serdar ilki gök gübürdisidir öýtdi. Ýöne bir möjegiň elhenç waňkyran sesi welin, ony bada-bat yza seretdirdi.
Tarkyldy ýene gaýtalandy. Şol wagt ýalpyldap giden ýyldyrymyň ýagtysyňa ol süriniň daşynda ylgaşyp ýören itleri, elleri tüpeňli çopanlary, iň erbedem:
waňkyryp ýere ýazylan ikinji nökerini gördi. Serdar duzaga düşenini aňyp, süriniň ortasynda aşak çökdi welin, çöken badyna-da bir äpet it üstüne hopba bol-dy.
Ähli hilesini, emelini ulanyp, itden ölümiň öýün-de sypan serdar oljadanam, ordadanam ellibizar ge-çip, ümdüzine tutdurdy. Gaçyp barýar. Bir görse, öňden aldyrany bar ýaly bolup, täze garyndaş okdu-rylyp gelýär.
— E-eý, aňkaw, sen näme iliň tersine gaçýaň?
Ýa-da ajalyňa barýaňmy? — diýip, ol täze garyn-daşyň deňine ýetmänkä gygyrdy. Ýöne garyndaşy maňa aýdýarmysyňam diýenok, gözi ýok ýaly, göni serdaryň üstüne gelýär. Serdar zordan sowlup ýetişdi.
Sowlan dessine-de, garyndaşynyň gapdallygyna eg-relip duran kuwwatly guýrugyna aýagy ilip, tüw-dürildi.
Hasyrdap ýerinden tursa, täze garyndaş ýene üstüne atylyp gelýär. Özem «Sypmarsyň, serdar! Bu gezek sypmaga hakyň ýokdur!» diýip gygyrýar.
Rejäniň geň däldigini aňan serdar täze garyndaşy bilen dikleşdi. Täze garyndaş, ýagny, oglan-möjek serdaryň gabawdan sypyp gaýdanyny uzakdan görüpdi. Şol bada hem öwrüm berip, onuň öňünden çykmaga alňasapdy.
Serdaryň öwredenje emelleri, ynha, şu ýerde özüne ýagy boldy. Ol şunça gahar-gazap bilen topulsa-da, oglan-möjek eger-eger asgynlar ýaly däl. Deň garpyşýar. Serdar haýsy emele ýüz ursa, oglan-möje-gem şoňa laýygyny tapýar.
Şol barmaşa bir ýerden Boýnak, onuň yz ýanyndanam Hudaýguly çopan ýetip geldi. Iki möjegiň garpyşyp duranyny görüp, Hudaýguly çopan-a agzyny açdy. Boýnak welin wagty ýitirmedi, serdaryň ýeke gulakly kellesini nyşana alyp, onuň üstüne özüni zyňdy. Şeýdip oglan-möjek bilen Boýnak ikisi serdary ýere ýazdylar. Janyny jähenneme iberdiler.
Ine-de, biziň oglan-möjegimiz öz okan mekdebiniň janly burçunda otyr. Janly burçuň gözeneginiň öňünde hümerlenişip duran çagalara seredip, hem begenýär, hem gynanýar.
Hemmesi tanyş ýüz, tanyş ýerler. Ynha, öňki klasdaşlary. Anha-da, inisi, gözenege ýaplanyp, möjege ses-üýnsüz seredip dur. Onuň deň-duşlary möjege öýkünip, uwlan bolýarlar, daşjagaz okla-ýarlar. Inisi welin bularyň oýnuna goşulanok. Ol nämedir bir zadyň pikirini edýär. Belki, nam-nyşansyz ýiten agasy hakynda oýlanýandyr...
Hudaýguly çopana duşandan soň, oglan-möjegiň ykbaly oňuna boldy. Ilkibaş-da ony Japar tas atypdy, ýöne Boýnak oglan-möjegiň öňüne pena boldy.
Hudaýguly çopanam muny görüp, Japaryň elinden tüpeňi gaňryp aldy. Şol günüň ertesi oglan-möjegi getirip, mekdebiň janly burçuna tabşyrdy. Şondan soň tizara oglan-möjegiň ýanyna jadygöý geldi:
— Bo-how, ikilikçi dost, bärdemidiň asyl? Mekdepden gaçsaňam, ýene mekdebe getiripdirler-ow! —diýip, jadygöý oňa habar gatdy. Oglan-möjek sesini çykarmady.
— Sen menden gaty görme, ikilikçi dost! Bu zat-laryň hemmesi seniň öz islegiň boýunça bolup geçdi.
Diňe bir islegiňi ýerine ýetirmedim — seni gaýtadan adama öwrüp bilmedim.
— Meni indi şu ýerden, adamlaryň arasyndan aýyrmasaň bolýar! — diýip, oglan-möjek dillendi.
— Ýöne meni biderek gezip ýörendirem öýtme!
Sen möjekleriň arasynda gezip ýörkäň, men öz jadygöýlük kitaplarymyň ählisini dörüşdirip çykdym, dünýäniň dört künjüni aýlanyp gördüm, garaz, seni adama öwürmegiň emelini gözledim. Ahyram tapdym...
Jadygöý şeýle diýenden, oglan-möjek ýokary-ýokary towsuberdi. Ýöne jadygöý ony saklady:
— Dur entek! Gaty begeniberme! Biler bolsaň, ol emel meniň elimde däl eken...
— Ol emel adamlaryň elinde — diýip, jadygöý dowam etdi. — Eger adamlar saňa seredip: «Adam ýaly akylly möjek eken!» diýip, üç gezek aýtsalar, sen adama öwrülýäň, ýogsa-da ýok.
Ynha, şondan bäri, jadygöý bilen bolan duşu-şykdan soň oglan-möjek adamlaryň şol iki agyz sözüne garaşyp ýatyr.
Bir gün mekdebiň okuwçylary özleriniň janly burçuna möjek sowgat beren Hudaýguly çopany duşuşyga çagyrdylar. Ondan bu möjegi tutuşy barada gürrüň bermegini haýyş etdiler. Hudaýguly çopan janly burçuň öňünde durup, bu möjegiň bütin Gara-gumda ady belli Ýekegulak möjek bilen söweşişi, ony ele salmaga kömek edişi barada ýekänme-ýekän gür-rüň berdi. (Möjekleriň hüjümi barada Boýnaga habar ýetireniňem şu möjekdigini bolsa Hudaýguly çopan bilenok.) Sözüniň soňunda ol oglan-möjege tarap öwrüldi-de:
— Şu möjegi hor etmäň. Adam ýaly akylly möjek eken bu! — diýdi. Oglan-möjegiň ini üşüdýän ýaly, birhili galpyldap başlady. Çagalaram Hudaýguly aga-nyň yzy bilen:
‌ — Dogrudanam, adam ýaly akylly eken... — diýip, iki-üç öwra gaýtaladylar. Möjege öňküdenem gowy seretjekleri barada Hudaýguly çopanyň ýanynda söz baryny berdiler.
...Şol günüň agşamlygam janly burçdaky möjek gürüm-jürüm boldy. Ertesi gün gelip görenler janly burçuň gapysynyň agzynda diňe bir oglanyň aýak yzyny tapdylar. Yzy yzarlap gördüler, uly ýola baryp, köpçüligiň aýak yzlaryna goşulyp gidipdir. «Bir garagol gelip, janly burçumyzyň gapysyny açyp gidipdir» diýen netijä geldiler.
— Hany, onda möjegiň yzy? — diýip, has düşbüler sowal berdiler. Jogap tapylmady. Ol möjegi gaýdyp bizden başga gören-eşiden bolmady.
***
Kim näme diýse diýibersin, adam bolmakdan gowy zat ýok eken. Goý, kyn bolsun, goý, irden turzup, mekdebe ibersinler, ýumuş üstüne ýumuş bersinler, goý, käte käýesinlerem, barybir, ADAM BOLMAK HEZIL EKEN, ADAMLAR!
SOŇY
7
54
ideallider
30 Iýul 2021
Greenleaf, seňem ýadyňa düşenokmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.