17-nji bap Sürende iki sany möjek çagasam bar eken. Beýle-kiler awa giden mahaly, oglan-möjek şol iki sany kiçijik garakça eneke bolup galýar. Çig eti çeýnäp, olara iýdirýär. Soň yzyna düşürip, golaýdaky kaka suw içmäge äkidýär.
Etden doýup, suwdan ganan möjekler soňra bir-biri bilen basalaşyp, oýnaşyp başlaýarlar. Süreniň içini, töweregini ala-tozan edýärler. Käwagtam ikisi birden oglan-möjegiň daşyna geçýär. Biri dyrmaşyp, onuň üstüne münýär, beýlekisi onuň guýrugyndan çeken bolýar. Oglan-möjegem aslynda çaga bolansoň, bu oýny heziller edip alyp göterýär. Ilki ýerinden silkinip turýar-da, möjekleriň hersini bir tarapa pyzyp taşlaýar. Ýaňkylar gelip täzeden ýapyşýarlar, biri oglan-möjegiň boýnundan asylýar, beýle kisem guýrugyndan. Oglan-möjek, hamana, bularyň garşysyna durup bilmedik bolan bolup, gapdallygyna gürpüldäp ýykylýar...
Ol bu iki sany bitakat, garagol jandar bilen gitdi-giçe ysnyşyp barýardy. Özüni, hamana, bularyň agasy ýaly duýýardy. Ownuk-uşak garagolluklaryny gör-medik bolan bolýardy. Wagtal-wagtal bolsa olaryň hersini bir gapdalynda oturdyp: «Bir tanyş möjek gürrüň beripdi...» diýen bolup, adamlar hakda, olaryň durmuşy barada, mekdep hakynda her dürli hekaýalar aýdyp bererdi. Çaga möjekleriň agyzlaryň açyp diň-leýişlerini bir görsediňiz...
Ynha, bir gezek, adam hakyndaky gürrüňlerden soň, çaga möjekleriň biri oturdy-oturdy-da:
— Men ulalamsoň, adam boljak! — diýdi. Beýle-ki möjejigem doganyndan kem galyp barýan ýaly:
— Menem... menem... menem... — diýip, çyňsap ugrady.
Başga biri ýaňky sözlere pyňkyrardy, ýöne oglan-möjegiň pyňkyrmak ýadyna düşmedi, ol hälki çaga möjegiň ýüzüne seretdi-de, uludan demini aldy.
Başga bir gün bolsa oglan-möjek öz «inileriniň» ikisinem golaýyna çekdi-de:
— Hiç kimiň ýanynda dil ýarmazlyga söz berse-ňiz men size bir zat aýdaýyn! — diýdi. Möjejikler:
«Aýtmarys-da, aýtmarys! Aýdyp ber-de, aýdyp ber!» bolşup, onuň goltugynyň aşagyna dykyldylar.
Oglan-möjek ikirjeňlenýän ýaly bolup, esli wagt sesini çykarman oturdy. Birdenem başyny galdyrdy-da:
— Biler bolsaňyz, men öň adamdym! — diýdi.
Çaga möjekleriň gözleri mölerip gitdi. Ekabyrragy, öňräk «Men ulalamsoň, adam boljak!» diýýäni birhili galpyldap ugrady. Beýlekis-ä tas turup ökjäni göte-ripdi.
Ara düşen dymyşlygy ekabyr möjejik bozdy.
— A... a... soň näme üçin möjek bolduň?!
Oglan-möjek eginlerini gysdy-da, gussaly ýylgyrdy.
18-nji bap Serdaryň buýrugy bilen oglan-möjege-de aw tilsimlerini öwredip başladylar. Serdar bir gün bir jansyz guzyny getirip, oglan-möjegiň öňüne oklady-da:
— Alyp gaç! — diýdi.
Oglan-möjek tisginip, gaýra çekildi. Bir seretse, möjekleriň ählisi oňa tiňkesini dikip, gözleri bilen iýäýjek bolşup durlar. Oglan-möjek bu guzynyň hem türgenleşik, hem synag üçin getirilendigine düşündi.
Şonuň üçinem, ömre barabar gymmatly wagty ýitirip durman, guzynyň bir aýagyndan dişledi-de, aýagaldygyna ylgap ugrady. Ýöne kyrk-elli ädim ätmänkä, agzyndaky guzynyň aýaklaryna çolaşyp, tüwdürilip gitdi. Möjekler syrtaryşdylar. Serdar ola-ryň birine ümledi. Ol möjek okdurylyp bardy-da, og-lan-möjegiň agzyndaky guzyny ýüzugruna kakyp al-dy. Bir silkende, guzynyň läşi möjegiň ýagyrnysyna baryp düşdi, kellejigi bolsa möjegiň agzynda.
Ýaňky möjek şeýdip, arkasyndaky guzyny bir barmak beýläk gyşartman, ylgawyna serdaryň ýanyna getirdi.
— Muňa, garyndaş, hopba etmeli usuly diýilýär!
— diýip, serdar oglan-möjege düşündirdi.
Soň «ýanbaşa almak» diýlen usuly öwretdiler. Ol emel şundan ybarat eken: öz oljaň (goýnuň ýa-da ge-çiniň) ýanyna gapdallap barmaly-da, bokurdagyndan gowşagrak dişläp tutmaly, soň onuň kellesini özüňe tarap biraz öwräge-de, gapdalyň bilen ylgadyp alyp gaýdybermeli.
Eger aw wagtynda itleriň çemine düşäýseň, ilki bilen-ä uruşsyz sypjak bolmaly. Bolmadymy, it ko-wup yzyňdan ýetiberdimi — ýykylmaly-da, arkan dü-şüp, dört aýagyňam garnyň üstünde düýrüp ýatyber-meli. Tejribesizräk it bolsa, gelip, özüni göni üstüňe zyňýar. Ine, şonda, dyrnaklaryňy syh-syh edäge-de aýaklaryňy birden ýazyp goýbermeli. Şeýtseň, üstüňe zyňan itiň garny dört ýerinden böwsüp, içegeleri çogup çykýar.
Bu öwredilýän emeller, usullar bir-birinden çyl-şyrymly, bir-birinden aýylganç. Her emeli göreniňde, hut başyňy alyp gaçaýasyň gelýär. Şu emeller öňde-soňda derdime ýarar, diňe öz başymy däl, eýsem, bir topar goýnuň hem janyny halas etmäge kömegi deger diýip, oglan-möjegiň kellesine-de gelenokdy. Häzir onuň bar küýi, bar pikiri bu elhenç ýerden tizräk gaçmak, nirä-de bolsa bir ýere başyny alyp gitmek.
Möjekleriň iniňi düýrükdiriji täze plany bilen tanyşmadyk bolsa, ol gaçsa-da gaçardy...
19-njy bap Serdar täze plany birkemsiz bişirdim edensoň, or-danyň umumy ýygnagyny çagyrdy. Ol öz nökerlerine ýüzlenip, şeýle diýdi:
— A-how, möjekler, alakadyr towşan kowalap ýörmekden, haram ölen goýun-geçiniň maslygyny gözläp selpemekden ireňzokmy-aý? Dişler täzeje et isleýär, göwün söweş küýseýär. Äňlerimiz gowşap, damarlarymyz gatap barýar. Hany, aýdyň, nätmeli?!
— Alamana gitmeli!
— Sary çopanyň sürüsini çapmaly!
— Ýok, Çörli çopanyňky golaýrak, şoňa darama-ly!
— Aman çopanyňky ondanam golaý...
Möjekbaşy haýbat bilen başyny göterdi:
— Bes ediň-aý bazar gurmaňyzy! Akylyňyz goý-nuňkyça-da ýok siziň! Hany, garyndaş bir zatlar aýtjak bolýan ýaly-la...
Oglan-möjek maslahatyň soňuna galyp barýan ýaly, hopugyp-hopugyp gürle-di:
— Bolanok... bolanok... ol sürüleriň birine-de çozmaly däl!
Ol birden dilini dişledi, kellesiniň gyzgynyna özüni paş edenligini ýaňy aňşyryp galdy. Gana suw-san möjekleriň serdar başlyklaýyn ýerli-ýerden hyň-ranyşyp, öz üstüne topularyna garaşdy. Ýöne serdar düýpden başga perdeden gopdy:
— Berekella, garyndaş, akylly gürrüňi senden eşitdim. Ýaňky sanalan sürülere möjegiň diňe
akmagy çozar. Gözüňizi çerreldip oturmaň. Geň galasy zat ýok bär-de. Men size näçe gezekler aýtdym: «Akyly bolan möjek öz süreniniň gola-ýyndaky sürä degmez!» diýip. Bar aýdanym, bar öw-redenim haram size, nadanlar diýsänim! «Çozalyň, çapalyň!» diýşen bolup... Baryň, çozuň, çapyň! Ertesi gelip siziňem süriňize tüsse berip gitsinler. Näme, siz adamlary özüňizden samsyk saýýaňyzmy?!
Şol wagt gapdaldan çaga möjekleriň biriniň kiçi-jik, naýynjar uwwuldysy eşidildi. Serdaryň ýüzi çyty-lyp gitdi. Özi gürleýärkä, onda-da ýygnakda gürläp durka, gapdalda bir çybyn jiňňildese-de ol halanok.
— Baryň-aý, ýeňsesine bir penje uruň peläketiň!
— diýip, serdar buýurdy. Çaga möjegiň enesi hasyr-dap galdy-da, uwwuldynyň çykan tarapyna seňkildäp gitdi.
— Onda şeýle, garny aç garyndaşlar! — diýip, serdar kinaýaly ýylgyryp, sözi dowam etdirdi. — Bil-meseňiz, bilýäne gulak asyň! Bu golaý-goltumdaky sürülere çozmak gürrüňini aradan aýyrýarys. Mundan birnäçe menzil gaýrada Hudaýguly diýen bir çopanyň sürüsi bar. Özem, nemede, kol... kol... adamlar näme diýýär şoňa?
— Kolhoz! — diýip, möjekleriň biri ýatlatdy.
— Hä, kolhozda iň gowy, iň semiz sürüleriň biri şol. Anha, hüjümi şol sürä gönükdirmeli. Meniň ça-kym, meniň hasabym boýunça, ertir däl birigün ag-şam gaý turmaly. Ine, şol gün agşamam biziň agşamymyz bolar. Şol agşam, şol hüjüm biziň orda-myzyň adyny arşyň deňine göterer we külli Garagu-myň taryhynda hemişelik galar...
Serdaryň hyjuwly, arzuw-hyýala beslenen sözüni naýynjar uwwuldy böldi.
— Indi şol ýetimegiňi ümsüm etmeseň, özüm ha-sabyny taparyn! — diýip, serdar ene möjege azm ur-dy.
Ene möjek görgüli ýene hasyrdap turdy. Ýöne çaga möjege şol gije bir döw-ä çalan eken. Daň at-ýança zaryn-zaryn uwlap, asyl uky bermedi.
Ertesi säher bilen oglan-möjegi has aýylganç, endamyňy jümşüldediji bir uwwuldy oýardy. Ol sü-renden beýleräk saýlanyp seretse, uwlaýan ene mö-jek. Öňünde dem-düýtsüz süýnüp ýatan çagasynyň daşynda pyr-pyr aýlanýar. Birdenem durýar-da, çaga möjegi ysgaşdyrýar, tumşugy bilen çalaja itip görýär, soňam onuň gapdalynda çommalyp oturýar-da, uzyn-uzyn uwlaýar.
Oglan-möjegiň oňa juda ýüregi awady, ýanyna baryp, göwünlik beresi, derdini deň paýlaşasy geldi.
Ol baryp ene möjegiň böwrüne tumşugyny degirdi, başga näme aýtjagyny bilmän, bir wagt goňşulary-nyňka ýasa gelen adamlaryň diýşi ýaly: «Yzy ýara-syn, bolmandyr-ow!» diýdi.
Ene möjek ol sözleriň manysyna düşünmese-de, täze garyndaşyň şeýdip gelmegi onuň göwnüni boz-
dy. Ol «Balam-uw... bogdular, öldürdiler balamy-y-y...» diýip, öňküdenem beter uwlap başlady.
Hakykatdanam, çaga möjegiň boýunjagazynda tüýler bulaşyp, gan bilen bile gatapdyr. Bu öňräk oglan-möjekden «Soň näme üçin möjek bolduň?» diýip soran möjejikdi. Onuň «Men ulalamsoň, adam boljak!» diýşi ýadyna düşende, oglan-möjegiňem bokurdagy doldy.
Serdaryň buýrugy bilen daňdana golaý öldürilen çaga möjek bolsa, gözlerini giň açyp, sessiz-üýnsiz ýatyr. Serdar ony «uwlap-uwlap, aýgytly çozuşyň ýa-nynda ordanyň üstüni açaýmasyn» diýen gorky bilen öldürdipdi.
Öz neberesinden bolan körpeje möjegi şeýle za-lymlyk bilen öldürmäge dözen rehimsiz möjek diş-leri, ertir Hudaýguly çopanyň sürüsini näder?!
Ýaňky möjek çagasy ýaly gözjagazlaryny açyp, dem-düýtsüz süýnüp ýatjak owlak-guzular, bokurda-gy palaç ýaly çeýneljek goýundyr geçiler göz öňüne gelende, oglan-möjek hopukdy. Töweregine garan-jaklaberdi.
Eýtmeli-beýtmeli, Hudaýguly çopany habardar etmeli. Gapyl galmasyn, goý, näçe iti bar bolsa, bary-ny aýak üstünde saklasyn, näçe tüpeňi bar bolsa, ba-ryny oklap goýsun. Ahmal galmasyn...
Ýöne oňa nädip habaryňy ýetirjek? Göni goşuna baryb-a bolmaz. Bar-da gör, garnyňy ajy tüsse dol-duryp goýbersin! Bar, birden rehimi inip, atmadam diýeli-dä. Nädip diliňi düşündirjek? Uwlajakmy, çyň-sajakmy? «Bu möjek janawar näme üçin uwlaýarka?» diýip, kelläňi sypar durar öýdýäňmi? Her biri gaplaň ýaly, algyr itleri bardyr. «Bas!» diýmänkä, her tikäňi bir ýerden çöplemeli ederler. Eý-how, çopan itlerimi, olar... Dur! It diýdiňmi? Hudaýguly çopanyň itleriniň biri bilen düşünişip bolmazmyka?
Bu pikirden soňra oglan-möjegiň ýüzi birazajyk ýagtylan ýaly boldy. Hawa-da, her niçigem bolsa, item haýwandyr. Adam adamyň diline düşünende, haýwan haýwanyň diline düşünmezmi? Elbetde, çem gelen itiň ýanyna barybam bolmaz.
Hondanbärsiräp ýören, bir girrik itiň üstünden düş-seň, habaryňy almakdan-a geçen, gaýtam eýesiniň ýanynda «Möjek awlady» diýen ada galjak bolup, üs-tüňe topular, ondanam erbedi, uly ili örüzer. Köpi gö-ren, parasatly bir it gerek munuň ýaly işlere.
Oglan-möjek ýaýdana-ýaýdana, belli karara gel-di. Şol günüň agşamlygam, möjek ordasy uka giden-soň, niredesiň Hudaýguly çopanyň goşy diýip, ýola düşdi.
(Dowamy bar)