Greenleaf
21.07.2021 20:45
15-nji bap Möjege öwrülen oglanjyk jadygöýüň öwredişi ýaly, garaňky düşüberende tumşugyny dik göge tutup, deminem içine ýygnap, zorruk ses bilen uzyndan bir uwlady welin, bu gorkunç sesden ýaňa özü-niňem endamy jümşülläp gitdi. Onsuzam ümsümlige çümüp oturan töwerek öňküdenem beter dymdy. Bu ümsümlik oglan-möjegi has-da eýmendirdi. Ol gorkudan ýaňa ozalkydanam uzyn uwlady. Oňa ahyr-soň jogap berdiler. Uzakdan bir ýerden çala gulagyna ilen uwwuldy oglan-möjegi hem-ä biraz köşeşdirdi, hem-de ýüregine düşnüksiz bir dowul saldy. Ol joga-byň haýsy tarapdan gelenini anyk bilmek üçin, bokurdagyna ýene bir gezek zor saldy. Jogap uw-wuldysy günbatardan ýaňlandy. Onsoň oglan-möjek şol tarapy nazarlady-da, gidiberdi.
Seňk-seňk edip, şol gidip barýar-gidip barýar.
Hälki sesiň çykan ýerine ýeter ýerde ýetiberenok.
Onsoň oglan-möjek bir kiçijik alaňyň eteginde aýak çekdi. «Ýaňky uwwuldy meniň gulagyma eşidilen bolaýmasyn?» diýip, böwrüne diň saldy. Edil şol halat bir agyr zat onuň ýagyrnysyna hopba boldy. Og-lan-möjek ýere ýazylyp gitdi, agzy çägeden doldy.
Ynha, indi ol ne gygyryp bilýär, ne-de arkanlygyna öwrülip, bogazy bolsa atagzy bilen gysylýan ýaly bar-ha daralýar.
Şeýdip, ol ölüm bilen ýaşaýşyň, çäge bilen agyr göwräniň aralygynda esli salym demigip, urnup ýat-dy.
Soňrak, ýeriň aşagyndanmy ýa-da asmandanmy (muny seljermäge oglan-möjegiň wagtam ýok — gur-batam) bir hökümli ses geldi:
— Goýberiň!
Üstünden agyr ýük aýrylan oglan-möjek kem-kemden özüne geldi. Kynlyk bilen aýak üstüne galyp, töweregine göz gezdirdi. Ine, dört sany möjek onuň ýanyny alyp, heşerlenişip durlar. Gözlerem ot bolup ýanýar.
— Niräniň möjegi borsuň? Näme üçin, näme niýet bilen geldiň? — diýip, ýokardan ýene hälki hö-kümli ses eşidildi. Oglan-möjek tisginip, ýokaryk seretse, pessejik alaňyň üstünde, Aý şöhlesiniň aşagynda ýene bir äpet möjek art aýaklarynyň üstünde butnaman otyr. Onuň dikgerip duran ýeke gulagyny görende, oglan-möjek özüniň ýalňyşman gelendigini aňdy. Ol jadygöýüň öwredişi ýaly, duran ýerinde garysyna çökdi:
— Eý, çölleriň eýesi, itleriň ýagysy, goýunlaryň piri, kuwwatly serdar! Men diňe seniň mizemez erkiňe tabyn bolmak üçin, seniň kuwwatly aýaklaryň öňünde dyza çökmek üçin, indi näçe gije-gündizdir, çöl-beýewanda ygyp, ýollar aşyp gelýärin. Bu gün men öz arzuwyma gowuşdym. Indi meniň janym, erkim, ykbalym seniň eliňde, ýagny, ygtyýaryňda.
Men biçäräni öz ganatyň aşagyna... ýagny, öz penaňa al, serdarym!
Möjekleriň serdary onuň sözüni üns bilen diňledi.
Onuň keşbi öňki yzgytsyzlygyny birneme ýitiren ýaly boldy, äheňem az-kem ýumşady:
— Sen köp horluklar görüp, bir ýowuz beladan gaçyp gelene meňzeýärsiň! Ýeri, aýdyber!
— Seniň paýhasyňa, öňden görüjiligiňe gurban men, serdarym! Men hakykatdanam kän horluklar görüp, iň soňky demimde seniň penaňa özümi atdym.
Bizi — seniň babaňyň babasynyň ikidoganoglanyň agtygynyň çowlugy bolan Gara möjegiň ordasyny gyrdylar, serdarym! Başdan-aýaga gyrdylar... Biz sürä çozduk, ýöne biziň çozjagymyzy bilip, çopanlar öňden duzak gurup goýan eken. Iki sanymyzy itler alyp galdy, iki-üç sanymyzam çopanlaryň okundan wepat boldy. Diňe Gara möjek ikimiz tötänlik bilen gabawdan sypdyk. Ýöne Gara möjege agyr ýara düşen eken, ol... ol ýolda... — Şu ýerde oglan-möjek hamsygdy, soň zordan özüni dürsän bolup, uludan demini aldy. — Hawa, Gara möjegem ýolda ýogaldy.
Ýöne ýogalmazynyň öň ýanynda maňa şeýle sargyt etdi: «Gum eteginiň günbatarynda, pylan ýerräkde meniň bir babadaşym bolmaly. Adyna Ýekegulak serdar diýýändirler. Şony hökman tap, şol saňa hossar çykar!» diýdi. Men onuň sargydyny berjaý etdim, seniň ýeňilmezek ordaňa gelip gowuşdym, indi meniň armanym ýok! — Oglan-möjegiň ýene bogazy doldy.
Onuň daşyny gallap duranlar çalaja uwlaşdylar.
Serdaram duýgudaşlyk alamaty hökmünde oturan ýerinden olara goşulyp, ses etdi. Oglan-möjek özüniň nyşanany jaýdar uranlygyny bildi. Ol hem uwlady, ýöne begenjinden uwlady.
Bu uwlaşykdan soň möjekleriň serdary az salym oýa batyp oturdy. Serdar özüniň Gara möjek atly nähili babadaşynyň bardygyny ýada saljak bolup jan edýändir diýip, oglan-möjek içinden çak urdy, dogry bolubam çykdy.
— Nämesiniň nämesi diýdiň häli? — diýip, ser-dar oglan-möjekden sorady.
— Seniň babaňyň babasynyň ikidoganoglanynyň agtygynyň çowlugy! — diýip, oglan-möjek ýat bek-län jümlesini gaýtalady. Ýöne şeýle jümle boýunça öz garyndaşlaryň, babadaşlaryň hasabyny çykarjak bolup gör-dä! Başyň aýlanyp, gözüň garaňkyraber-mezmikä!
Bu jümle serdaram halys bulaşdyrdy. Ýöne ol sepini bildirmejek bolup:
— Hä-hä, ýadyma düşdi. Pahyr gaty akylly, algyr möjekdi! — diýen boldy. — Sen, garyndaş, hapa bolma — diýip, soň ol oglan-möjege göwünlik berdi.
— Biz Gara möjegiň, onuň ordasynyň aryny ýerine salarys. Biz ordadan wepat bolanlaryň her biri üçin bir sürini çaparys!
Serdaryň soňky sözleri oglan-möjegiň keýpini bozdy. «Wah, gereginden artygrak jan çekip, bulary öjükdiräýdim öýdýän. Indi meniň günäm bilen, bir topar owlak-guzy, goýun-geçi heläk bolmaly bormuka?» diýip, ol gaýga gitdi. Her niçigem bolsa, özüni paş etmezlik üçin, daşyndan serdara çuňňur minnetdarlyk bildiren boldy.


16-njy bap Şeýdip, oglan-möjek bularyň süreninde ýaşa-berdi. Ýöne garylyp-gatyşyp, öz-özleri ýaly bolup gidibermek welin oňa aňsat düşmedi. Möjekler her-näçe garyndaşsyran bolsalar-da, olaryň sap-sary gö-reçleriniň bir çetinde ynamsyzlygyň uçgunlary ýyl-pyldaşyp durdy.
Birinjiden-ä, täze gelen garyndaşyň aw diýlen zada düýpgöter ukypsyzlygy möjekleri geňirgendirdi.
Bir agsak towşany tutjak bolubam, ol ýarym günläp ejir baryny gördi: dili sallanyp dyzyna ýetiberende, towşany zordan ele saldy. Ele salansoňam, beýleki möjekler ýaly hasyr-husur öz ýesiriniň bogazyny kertmän, gaýtam ony emaý bilen dişläp, goýara has ýumşagrak ýer gözleýän ýaly, ondan-oňa aýlandy ýördi. Ahyrsoňunda-da towşany alyp, bir buky ýere gitdi. Soňrak dili bilen tumşugyny ýalaşdyran bolup, göwnühoş halda gaýdyp geldi. Ýöne onuň agzynyň töwereginde gana bulaşan ýekeje-de tüý ýokdy. Bu bolsa möjekleriň ýiti nazaryndan sypmady.
Täze geleniň ýene bir geň gylygy bar eken.
Ýokardan güsürdeşip-pysyrdaşyp bir topbajyk serçe geçiberdigi, ol sakga durýar-da, ýaňky serçelere se-redýär, olar tä gözden ýitýänçä, şeýdip aňalyp durýar.
Gidip barýan ýolunda kak suwuna-zada gabat geläýse-de şeýdýär, birden durýar-da, hamana, bir ýitigini gözleýän ýaly, suwuň düýbüne ýiti-ýiti sered-ýär. Suwuň beýle ýüzüne geçibem şeýdýär...
Garyndaşynyň bu täsin boluşlary aýratynam serdaryň gözüne dürtülýärdi. Ol ordanyň täze çleniniň (agzasynyň) şeýle gylyklaryna nähili düşünjegini bilmän, görgä galýardy. Çagalykdan galan bolgusyz endiklermikä?! Ýa-da munda serdaryň akyly ýeter-den ulurak bir syr barmyka?!
Bir gün tutuş orda bir ýere üýşüp, dynç alyp otyrka, möjekleriň biri hyňrandy-da:
— Adamyň ysy gelýär... — diýdi. Möjekler hü-şerilişdiler. Ysyrganyşyp:
— Hawa-da, hawa! — boluşdylar.
Serdar haýal etmän, möjekleriň birini razwedka iberdi. «Razwedkaçy» ep-esli wagtdan soň: «Bu jele-gaýlarda adam tohumyndan hiç zat ýok!» diýip geldi.
Başga bir gün bolsa, guş-towuk ýok ýerden möjekleriň burnuna guş ysy geldi. Ýene bir günem, çöl-beýewanyň ortasynda, olaryň burnuna balygyň ysy haplap urdy. Bu geňlik kän gezek gaýtalandy. Ine, şol gezekleriň birinde, serdar bilgeşleýin täze möjegi razwedka ýollady. Ol aňyrrak giden badyna del ysam ýitdi. Serdar bu usuly soňrak ýene gaýtalady. Täze möjegiň garasy ýitenden, ys ýene ýitirim boldy. Del ysyň kimden gelýänligi indi serdara aç-açan aýan boldy. Ol täze garyndaşynyň yzyndan gözegçiligi has-da güýçlendirmek kararyna geldi.
...Oglan-möjek bir gün kak suwunyň düýbüne seredip, adatdakysy ýaly, bir wagtky okuwçylaryny ýatlap durka, kimdir biriniň özüne dykgat bilen seredýändigini syzdy-da, başyny galdyrdy. Şonda, hol beýleräkdäki çöplügiň aňyrsynda serdaryň ýeke gulakly äpet kellesiniň çalaja garalyp gidenini gördi.
Onsoň ol: «Serdar meniň bu bolup durşumy geň göräýmesin» diýen pikir bilen, serdaryň gözüne çöp atmagy ýüregine düwdi. Suwa seredip durdy-durdy-da, birdenem tumşugyny suwa urdy. Hamana, bir zatlar tutan şekilli, hezil edip çeýneşdiren boldy.
Başga bir gün bolsa ol golaýragyna gelip gonan serçäniň üstüne oýundan topuldy. Serçe pysyrdap göge göterilensoňam, ep-esli aralyga kowalaşyp gitdi. Soň serçäniň yzyndan garap durşuna: «Kim bilýär, ýaňky meniň bir wagt ýetişdirip, kemala getiren serçejiklerimiň biri bolsa-da ahmal!» diýip pikir etdi.
Täze gelen möjegiň hiç zatdan habarsyz bolan bolup, eden bu hereketleri ony ullakan şübheden biraz halas etdi. Serdar ol barada şeýle netijä geldi:
— Lälik ösüp, guş-puşuň, balyk-palygyň etini iýip ulalan möjek diýerler muňa! Üstünden dürli ysyň aňkap durmasam şondandyr...
— Onda mundan adam ysy nädip gelýärkä? — diýip, serdar birden täze pikir tapyndy. — Ýa-da adam etinem dadyp göräýdimikä? Aý, ýok-la, adama erjeşerden-ä gaty gowşak bu! Onda näme?!
(Dowamy bar)
6
37
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.