Greenleaf
19.07.2021 20:31
13-nji bap Şeýlelik bilen, biziň balygymyz balyklaryň ara-syndaky ilkinji mekdebiň düýbüni tutdy. Mekdebiň okuwçylygyna ol dürli ýaşdaky, dürli kysymdaky balyklary seçip aldy. Onuň plany boýunça, dürli ýaşdaky, dürli kysymdaky balyklaryň arasyndaky agzybir ýaşaýşyň nusgasy hut şu mekdepden başlan-maly. Onsoň mekdebiň okuwçylarynyň äbede-jüýje-ligini görüp, beýlekilerem öz boluşlaryndan utan-maly, ökünmeli we şuňa meňzeşler.
Biziň balygymyz ätiýaçlylygam elden bererli däl, ol mekdebe özünden iriräk balyklaryň birinem al-mady. Bilip bolmaz, birden bularyň «lak-luk» keseli tutaýsa...
Günleriň bir günem «Hernä, 1-nji sentýabr bolaý-saň gerek!» diýip, oglan-balyk okuwa başlap goý-berdi. Suwuň düýbünde ýerleşen iki sany tümmegiň aralygyndaky uly boşlukda balyklaryň taryhyndaky ilkinji okuw sapagy gyzyşdy.
Oglan-balygyň janygyp berýän gürrüňlerini balyklar agyzlaryny öweldişip diňlediler. Gürrüňi bolsa ol has aňyrrakdan — balyklaryň ýaňy döräp ugran döwründen başlady. Ondan öňürtem, özüne mun-dan beýläk diňe «Mugallym!» diýip ýüzlenmelidigini ýatlatdy.
— Hawa, görşüňiz ýaly, hiç bir jandaram, şol sanda balyklaram aňsatlyk bilen emele gelmändir — diýip, ol sözüniň soňunda öz mugallymlarynyň biri-niň sözlerini gaýtalady.
— Siz ýöne-möne balyk däl-de, eýsem, ýigri-minji asyryň balyklarysyňyz! — diýibem, başga bir mugallymyň sözlerini üýtgedibräk ulandy. Onuň niýeti — şunuň bilen bir günlük sapagy geçip gutar-makdy. Ýöne şol wagt balaja balyklaryň biri ýok-nasyzlygyny edip, onuň bar keýpini uçurdy. Ýaňky balyjak özünden öňde duranyň guýrugyndan saldy agzyna. Öňdäki görgülini onuň agzyndan zordan aldylar.
Bu okuwçysynyň göz-görtele bihaýalygyna og-lan-balygyň ýaman gahary geldi.
— Men seniň temmiňi bererin! — diýip, ol hälki bezzadyň üstüne dergazap bolup gygyrdy. Şol pursat «mugallymyň» edil alkymynda duran daýawrak biri haýallyk bilen gozgandy-da:
— Mugallym, rugsat etseň, şonuň temmisini özüm bereýin-le! Ol zaňňar düýn meniňem guýru-gymdan dişledi... — diýdi. «Mugallym» agzyny aç-maga ýetişmänkä-de, bu daýaw ýaňky garagollyk edeniň ýanyna ýüzüp bardy-da, sen-men ýok ony ýu-wutdy oturyberdi. Soňam hiç zat bolmadyk ýaly, ýerine geçdi. «Berekella!» hantamaçylygy bilen «mugallymyň» ýüzüne seretdi. Oglan-balyk diňe:
— Bar, mekdepden gümüňi çek... — diýip bildi.
Bokurdagyna gelen gahar başga zat diýmäge oňa mümkinçilik bermedi. Temmi berlen ýeňsäni el ýaly etdi. Ýöne «mugallym» wagty bilen köşeşip bilmedi.
— Bir-biriňizi symyşlap ýörenden, aç gyrlaýsa-ňyz bolmaýarmy?! — diýip, ol okuwçylarynyň üstü-ne gygyrdy. — Anha, ak amurlar ömrüni ot iýip geçir-ýärler, açlykdan öläýenog-a şolar...
Balyklar özleriniň juda utanýandyklaryny aňlat-mak üçin, gabaklaryny aşak goýberip, guýruklaryny haýaljak gymyldatdylar. ...Bu peýdaly sapaklar entegem kän-kän dowam etmelidi. Oglan-balygyň mekdebiniň şöhraty gitdi-giçe uzaklara ýaýraýardy. Okuwçam kem-kemden köpelip barýardy. Ýöne...
Bir gezek pälwansypat balyklaryň biri bularyň mekdebini görmäge geldi. Sapagyň ýaňy gyzan wag-tydy. Biziň balygymyz bolsa gözlerini ýumup, ýüz-güçlerini kelemenledip gürleýärdi.
Pälwansypat balyk çeträkde duran kiçileriň birin-den «Bu kim?» diýip sorady.
— Bu biziň mugallymymyz! — diýip, körpe ba-lyk buýsanç bilen jogap gaýtardy.
— Bä-ä-äý! Henize çenli mugallym diýlen baly-gyň etini iýip görmändim-äý! Süýjüdir öz-ä! — diýip, pälwan gözlerini süzgetletdi. Haýallyk bilen oglan- balyga tarap ugrady. Körpe balygam onuň yz ýany bilen öňe okduryldy. — Miltem edäýmegin! — diýip gygyryp, pälwan sypatlynyň öňüne böwet boldy.
Henize çenli balygyň balygy gorajak bolup topu-lanyny görmedik pälwan agzyny açaýdy. Ýöne bu geň galyjylyk körpe balyk üçin heläkçilik bilen gu-tardy, ol badyny saklap bilmän, göni gelip, pälwan-sypatlynyň aňalyp duran agzyna girdi.
Onýança beýlekilerem özüni dürsemäge ýetiş-diler, hüwwe örüp, «mugallymyň» daşyna agyl bolup aýlandylar. Özüne göwni ýetýänleriň dört-bäş sanysy bolsa pälwan balyk bilen gidişip başlady. Eýleden bir süsüp, beýleden bir çekip, onuň eňter-pelegini öwürdiler. Pälwan balyk ahyrsoň çydamady, höküdikläp gaçmaga ýüz urdy.
Oglan-balygyň begenäýşini bir görsediňiz!
«Okuwçylarym meni ölümden gutardy» diýip bege-nenok-da, «Okuwçylarym maňa düşünip ugrap-dyrlar» diýip begenýär. Adam wagtyndakysy ýaly gerlip duran elleri bolan bolsa, ol häzir okuwçy-larynyň baryny ýeke-ýekeden gujaklap çykardy.
...Birden balyklaryň arasyndan «Gelýärler! Ýene gelýärler!» diýen howsalaly ses çykdy. Seretseler, ynha, bir topar men diýen balyk, suwuň astyny tolkundyryp, süýşüp gelýärler. Iň öňde-de hälki ýeňse berip gaçan balyk.
Biziň balygymyzy bu ahwalat aljyratdy. Ol nä-derini bilmän, dört ýanyna garanyberdi. Dogry-da, suwasty söweş boýunça onuň entek çigit ýalyjagam tejribesi ýok ahyryn. Kesek atyşmaly ýa-da ýaka tutuşmaly bolsa, ol hem agzyny açyp durmazdy. Iň bolmanda, serçe bilen uruşdyrsalaram, bir gününi görerdi. Bu ýerde welin...
Onuň bu çykgynsyz ýagdaýyny aňdymy-nätdimi, okuwçylaryndan özüne göwni ýetip ýören dogumlyja biri öňe çykdy. «Pylanym pylany! Siz mugallymy goraň!» diýip, ýoldaşlarynyň dört-bäş sanysyna buýruk berdi. Galanlarynam ýerli-ýerinde goýuş-dyryp, goranyş meýdanyny berkitmäge başlady.
Onýança başky zarbanyň ilkinji tolkuny gelip ýetdi.
Balyklaryň arasynda adaty bolmadyk söweş başlady.
Söweşýänleriň bir tarap-a gara bokurdagyň ýesirleri, beýlekisem täze, düşünjeli ýaşaýşyň tarapdarlary.
Oglan-balygyň okuwçylary özleriniň kiçijik-ligine, ejizligine seretmezden, uly ýürek, çensiz ba-tyrlyk bilen garpyşýardylar. Diňe seňseläp ýa-da ölüm ýarasy düşenden soň, söweş meýdanyny terk edip, haýallyk bilen ýokary göterilip gidýärdiler.
Elbetde, oglan-balygam bu döwüşi keseden syn-lap, uzak ýatyp bilmedi. Goragçylaryny ýanyna alyp, agzyny hatap ýaly açyp, uruş meýdanynyň çetinden girdi. Ýöne hernäçe gidişseler-de, güýç deň gelmedi.
Oglan-balygyň okuwçylarynyň hatary gitdigiçe selçeňläp, ýan berip ugrady. Bu tutluşygy adatdakylar ýaly «lak-luk» oýnudyr öýdüp, keseden balyk üstüne balyk gelip goşulýar, gelenem oljadan galmajak bolup, söweşiň iň gyzgalaňly ýerine okdurylýar. Ilki bilenem oglan-balygyň ysgyndan gaçan okuwçylary olara şam bolýardy.
Şol güpür-tapyryň arasynda biri oglan-balygyň böwrüne çalaja dürtdi. Seretse, häli mekdebiň okuwçylaryna buýruk berip ýören dogumlyja balyk.
Bir gözi, bir ýüzgüji harap bolupdyr, böwründe-de çuňňur ýaranyň yzy hoňkaryp dur.
— Mugallym! Pursat elden gitmänkä, sen gaç-da başyňy gutar... Bütin mekdepden ikimizden başga di-risi galmady. Häzir bular bir-biri bilen gemrişip ýör.
Gaç, mugallym... — diýip, ol pyşyrdady.
Biziň balygymyz kynlyk bilen dillendi:
— Ýok, men beýdip bilmerin. Mugallym adymy harlap, gaçyp bilmen. Okuwçylarymyň ýok ýerinde menem ýok. Gowusy, sen git, özüm seni penalaryn.
Meniň mekdebimden, iň bolmanda, ýekeje okuwçy diri galsyn... Öz mugallymyňy ýatdan çykarma! Bar, git basym!
— Ýok, meniň diri galaýjagym gümana, diri gala-nymda-da, menden haýyr az. Ynha, sen sypyp bilseň welin, başga gep. Sen ýene müňläp-müňläp okuwçy ýetişdirersiň. Balyklaryň arasyndan täze durmuşyň ýeňmegine kömek edersiň...
Bularyň jedelini çözere maý bolmady. Uly balyk-laryň biri olaryň kelle direşip duranyny gördi-de:
«Hernä, ikisem birden agzyma sygar-da!» diýen pikir bilen, bärik okdurylyp gaýtdy.
Hälki dogumlyja balygam: «Mugallym, gaç!» diýdi-de, duşmana garşylyklaýyn topuldy. Iki balyk goç süsüşen ýaly süsüşdi, uly balyk az salymlyk özüni ýitirdi, dogumlyja bolsa hereketden galyp, suwuň düýbüne çökdi.
Oglan-balyk mundan artyk eglenmäniň peýdasynyň ýokdugyna göz ýetirdi. Bar güýjüni jemläp, kenara tarap ýüzüp ugrady. «Şulara aw bolandan, kenarda demigip ölenim gowudyr!» diýip, barýarka pikir etdi.


14-nji bap Öz hasaby boýunça, ol bu wagta çenli ýagty jahan bilen hoşlaşmalydy. Kenara atylyp çykanyna esli salym-a geçen bolmaly. Ol özüniň henize çenli diriligine geň galyp, gözlerini çalaja açdy. Görse, gury ýerde däl-de, ýalpajyk, ýylymsyja suwuň içinde ýatyr. Ol guýrugyny gymyldadyp gördi, suw şylp-şylp ses etdi.
— Tüweleme, ahyrsoň özüňe geldiň-ow! — di-ýip, ýokardan bir owaz geldi. Oglan-balyk jadygö-ýüň bu tanyş sesini eşidip, tisginip gitdi.
— Jaý wagtynda ýetişdiň, jadygöý aga! Meni tiz-den-tiz adama öwür! — diýip, ol pyşyrdady.
Jadygöý başyny ýaýkap, uludan demini aldy:
— Gadyrdan, haýwanlykdan adama öwrüp bil-meýänimi men saňa başda aýtdym ahyryn!
— Onda men nätmeli indi? — diýip, oglan-balyk aglamjyrady. — Meniň ejemi, kakamy, inimi göresim gelýär. Mekdebimizi, bile okan klasdaşlarymyzy gö-resim gelýär...
Jadygöý dymyp dur.
Oglan-balyk özi aglap, özi köşeşdi:
— Onda meni gaty güýçli bir haýwana öwür. Me-selem, gaplaňa! — diýip, ol öýkeli gepledi.
— Gaplaň-a bolmaz. Bu töwerekde gaplaň gezip ýören ýeri ýok. Şonuň üçinem, birinjiden-ä, seniň ha-kyky gaplaňdygyňa hiç kim ynanmaz. Ynandyraý-jagam bolsaň, ilki içiňi ajy tüsseden dolduryp, ha-myňy sypyrarlar-da, soň ynanarlar. O-da saňa juda gymmat düşer.
— Hany onda, tap-da bir alajyny! Seniň jadygöý bolanyň nirede...
— Sen... möjek bolaýsaň nädýär? — diýip, jady-göý birhili çekinjeňlik bilen onuň sözüni böldi.
— Möjek? Hüm-m! Möjek diýdiňmi? Bolýa-da...
Öwür meni möjege! Serçelikden, balyklykdan-a go-wudyr...
(Dowamy bar)
6
45
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.