guli_
19.07.2021 02:21
Boýuň ösmegi barada

Ada­my­ň bo­ýu­nyň uzyn­ly­gy maş­ga­la ag­za­la­ry­na, ola­ryň ha­çan ösüp baş­lan­ly­gy­na, şah­syň be­den kä­mil­li­gi­ne we iý­mit­len­me en­dik­le­ri­ne bag­ly­dyr. Is­len­dik ýet­gin­jek ene-ata­sy­nyň bo­ýu­nyň uzyn­ly­gy­ny ula­nyp, ýö­ne­keý ha­sap­la­mak ar­ka­ly öz bo­ýu­ny çak­lap bi­ler. Aşak­da ge­ti­ri­len for­mu­la si­ziň bo­ýu­ňy­zyň ösüp, ahyr­ky ýet­jek de­re­je­si­ni çak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär:

Gyz­lar ene-ata­sy­nyň bo­ýu­nyň uzyn­ly­gy­nyň je­min­den 12,5-y aýyr­ma­ly. Çy­kan ne­ti­jä­ni ikä böl­me­li.
Og­lan­lar ene-ata­sy­nyň bo­ýu­nyň uzyn­ly­gy­nyň je­mi­ne 12,5-y goş­ma­ly. Çy­kan ne­ti­jä­ni ikä böl­me­li. Gyz­la­ryň bo­ýu­nyň iň çalt üýt­ge­ýän döw­ri 11 ýaş­dan 12 ýa­şa çen­li­dir. Og­lan­la­ryň bo­ýy bol­sa adat­ça, 11 ýaş­la­ryn­da ösüp baş­la­ýar, 13 ýa­şyn­da iň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne ýet­ýär.
Şol döw­rüň do­wa­myn­da og­lan­lar adat­ça, her ýyl 10 san­ti­metr çe­me­si ös­ýän bol­sa, gyz­lar her ýyl 7,5 san­ti­metr çe­me­si ös­ýär­ler. Hut şu jä­het­den hem, or­ta ha­sap bi­len er­kek­le­riň bo­ýy ze­nan­la­ryň­ka ga­ra­nyň­da 12,5 san­ti­metr çe­me­si uzyn­rak­dyr.
Kä­mil­lik ýa­şy­na ýet­mek döw­rü­niň ahy­ryn­da og­lan­la­ryň we gyz­la­ryň bo­ýu­nyň ös­me­gi dur­ýar. Edil şol wagt hem ola­ryň boý­la­ry­nyň ösüş plas­ti­na­la­ry­nyň, ýag­ny be­den­le­ri­niň çä­gin­de süňk­le­ri­niň ös­ýän par­ça­la­ry­nyň bi­rik­ýän wag­ty bo­lup dur­ýar.
Bo­ýu­ňy­zy ös­dür­me­giň, ýag­ny müm­kin bol­du­gyn­dan has uzyn boý­ly bol­ma­gyň iň go­wy usu­ly – sag­ly­gy­ňy aýap sak­la­mak, go­wy iý­mit­len­me­gi üp­jün et­mek, ka­da­ly esas­da fi­zi­ki maşk­lar et­mek we go­wy uky­ňy al­mak bo­lup dur­ýar.
Bo­ýu­ňy­zy ös­dü­rip, si­zi has uzyn boý­ly et­jek­di­gi­ne ke­pil geç­ýän her bir önü­me hüş­gär­lik bi­len ga­raň! Se­bä­bi bo­ýuň ösüş pro­se­si te­bi­gy bo­lup geç­me­li­dir.
7
178
Ovezova_
19 Iýul 2021
Mlds👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.