Greenleaf
18.07.2021 13:27
11-nji bap
«E-e-eý, samsyk başym! — diýip, Delje ahmyr bilen oýlandy. — Adamlaryň arasynda günüňi görüp bilmän ýören halyňa, serçeleriň sürüsinde näme kö-rüň bardy diýsene!» Onuň indi çydam käsesi püre-pür bolupdyr. Ala-jyny tapsa, serçeleriň arasyndan edil şu pille sogrulyp gitmäge taýyn. Bir arzuwy: araky jadygöýe sataşmak, sataşaýsa, onuň hut aýagyna ýykylmakdanam gaýtjak däl. «Menden näme ýasasaň ýasa, hala gurçuga öwür, hala-da tomzajyga, diňe serçe bol diýmeseň bolýar!» diýip özelendi.
Ýöne bar kinesini içine salyp, ümsüm gidiberme-gem Deljä ýakanok. Bu gören görgüleri, «gelmişek» diýlip kemsidileni üçin nädibem bolsa ar alyp gidesi gelýär. Wah, şu wagt, şu ýerde-de mekdepdäki ýaly diwar gazeti bolan bolsady, Delje bulary, baý, ýepbeklärd-ä! Bir wagt özüni uly ile gülki edişleri ýaly, gülki ederdi. Serdardan başlap, tä jalaýja serçä çenli ýeke-ýekeden suratlaryny çekip, hersiniň aşagyna-da goşgy ýazardy.
Goşguly pikir Deljäni begendirdi. Goşgy üçin gazetem hökman däl. Düz-de, gabady gelen ýerde üç-dört serçäni daşyňa üýşürip, ýatdan okaber.
Meselem... meselem, ynha...
Men serçejik, serçejik» diýen setir Deljäniň kellesine aňsatja geldi. Yzam düzüldi gidiberdi:
Men serçejik, serçejik, Gopgunçy hem gorkajyk.
Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok, Açlykdan başga derdim ýok.
Men serçejik, serçejik, Arpa-jöwen berdejik, Aýdym diňle! Jik-jik-jik, Jürk-jürk-jürk!
Goşgy Deljäniň göwnüne ýarady. Geň ýeri, goş-gyny serçelerem gowy gördüler. Özlerine bagyşlap, ýörite goşgy düzülmegi olaryň başyny göge ýetirdi.
Beýle hadysanyň serçeleriň durmuşynda ilkinji gezek bolşudy. Manysyna ünsem berip durman, olar goş-gyny alyp göterdiler. Ýokary galýança bäş gezek gaý-talasalar, ýere düşýänçäler on öwran tekrarladylar.
Goşgy serdaryň gulagyna-da ýetdi. Ol hem Deljä «berekella» aýtdy we ony özi bilen nahar edinmäge çagyrdy. Deljäni sap ak çöregiň owuntyklary bilen hezzetledi. Nahar başynda serdar özüne bagyşlabam aýratyn bir goşgy düzüläýse kem bolmajakdygyny ýaňzytdy. Delje şondan soň «Men serdarjyk, serdarjyk» diýen täze goşgynyň ugruna çykdy.
Deljäniň sarpasy günsaýyn däl-de, sagatsaýyn beýgelip ugrady. Indi ony tanamaýan az-azdy. Özi hakda goşgy düzülmegini haýyş edip gelýäniň hetdi bar – hasaby ýok. Hatda garagol serçe-de özüniň edermenliklerini goşgynyň üsti bilen taryplamagyny sorap, telim geldi. Deljäniň kellesine häzirlikçe ýekeje-de täze setir gelmese-de, ol gelenleriň hem-mesinem hoş söz bilen gaýtarýardy. Özüniň tizden örän uzyn bir goşgy düzjekdigini, şol goşguda bolsa serçeleriň ählisiniň adyny ýekän-ýekän tutup geçjekdigini aýdyp, olary köşeşdirýärdi.
Şahyrçylyk etmek baradaky pikiriň öňräjik Deljäniň kellesine gelmeýşini diýsene! Ýeri, şeýdip, serçeleriň ýeke-täk şahyry bolda ýör-dä! Han özüň-soltan özüň. Goşgyň kapyýasyna at dakjak ýok, bogun sany deň gelenok diýjek ýok. Näme düzseň, geçjek durjak. Üstesine-de beýle şöhrat, bu hezzet-hormatlar. Kim bilýär, belki, serçelerem bir wagt aň taýdan ýokary derejä ýetip oturyberseler! Onda dagy serçeler edebiýatynyň düýbüni tutujy hökmünde Deljä ýadygärlik dikäýmeklerem mümkin.
Abraý-şöhrat diýeniňem balyk ýaly sypjyk bir zat-da. Ahmal bolsaň, eliňden sypýar ötägidýär. Delje süýji-süýji hyýallara gark bolup ýörkä, onuň ähli işini pyrryk etjek başga wakalar başlanypdy. Serdaryň bir geňeşçisi bardy. Adyna Dana serçe diýerdiler. Ynha, şol Dana serçe özüniň äpet şänik ýaly kellesine zor sala-sala, ahyrsoň Deljäniň düzen goşgusynyň manysyna düşündi oturyberdi. Onam bada-bat serdaryň dykgatyna ýetirdi.
...Delje «Men serdarjyk, serdarjyk» diýen goşgynyň üstünde kelle döwüp otyrka, iki sany serçe gelip, ony alyp gitdiler. Delje barsa, serdar gahardan ýaňa, özüniň oturan şahasy bilen bile sandyraýar.
— Ä-hä, şahyr, gel bakaly! — diýip, ol çüňküniň arasyndan syzdyryp gürledi. Deljäniň bütin göwrejigi bilen galpyldap duranyny görüp, ajy ýylgyrdy. — Näme, şahyrlaryň hemmesem seniň ýaly gorkakmy?
Gel-dä golaýrak!
Iki-üç sany serçe Deljäni göter-göter edip, serdaryň aşak ýanyndaky şaha iki gezek mündürdiler.
Ikisinde-de Delje patlap ýere gaçdy. Ahyrsoň ony şa-hanyň üstünde söýgetläp tutup durdular.
— Sen öz bolgusyz goşgularyň bilen Lokga ser-çäniň şöhratly nesillerine myjabat atýarmyşyň, olary gorkaklykda aýyplaýarmyşyň diýip eşitdik-le!
Çynmy şol? Nä dymýaň, gürle! Gürle, ýogsa häzir iki gözüňem özüm urup akdyraryn.
Delje seretse, iş gaýdyp barýar. Ol janhowluna bir zatlar diýip pyşyrdady. Deljäni söýgetläp duran serçe-ler onuň sözlerini sesli gaýtaladylar.
— Serdarymyz! Bu şeý diýýär: «Men gorkajyk diýen sözi eýjejik diýip düzedäýsem bolmazmy?» diýýär. Serdar gapdalynda oturan geňeşçisiniň ýüzüne seretdi. Geňeşçi özüniň dana başyny ýaýkap goýberdi. Serdar hökümli sesi bilen:
— Bolanok! — diýdi. — Hany, sen serçeleriň hö-würtgesi ýogam-a diýjek bolýarmyşyň? Delje ýene çüňküni ysgynsyzja gymyldatdy.
Gapdalyndaky serçeler onuň bu gezekki pyşyr-dysynam serdara sesli aýdyp berdiler:
— Goşgynyň «Höwürtgäm ýok, ýurdum ýok» diýen setirini «Höwürtgäm bar, ýurdum bar» diýip üýtgedeýin diýýä! Delje görgüliniň bu teklibem kabul bolmady.
Garaz, oňa delalat etmek serçeleriň niýetinde ýok eken. Ýüp syrylyp, toýnukdan geçen eken. Deljäni bir jaýryga dykyp, dört tarapynam petiklediler. Şu tümlükde demigip oturyşyna, Delje kän ýatlary ýatlady. Garryja enesinden we ejesinden başlap, ala-mula pişiklerine çenli onuň göz öňünden hatar-hatar geçdiler. Şu wagt garry enesi ýanynda bolan bolsa, Delje oňa özüniň ähli başdan geçirenlerini gürrüň bererdi, sansyz ertekini ýatdan bilýän enesi bolsa bar ertekisini ýatdan çykaryp, agzyny açardy. Şu mahal olaryň alaja pişigi mawlap gelsedi, bu zalym serçeleriň baryny kowalap, allaowarra eltip gelerdi.
Häzir ýanynda klasdaşlary bolan bolsady... Wah, bolsady ekeniň bilen gögerjek zat barmy? Indi Deljä ol adamlary, ol ýoldaşlary görmek ýok. Her säher turup, uly şowhun bilen mekdebe tarap eňmek ýok...
Deljäniň bir wagtky şahyrlara öýkünip: «Hoş indi» ýa-da «Gal indi» diýen ýaly gaýgyly bir goşgy düzesi geldi. Ýöne bu tümlükde özünden başga diňlejek barmy? Häzir kagyz-galam bolsa, Delje-de bir wagtkysy ýaly adam dilinde gürläp we ýazyp bilýän bolsady, onda başga gep. Onda Delje öz gören görgülerini goşga geçirip, kagyza ýazyp giderdi.
Klasdaşlaram ony bir wagt bolmasa-bir wagt tapardylar, okap, gözlerine ýaş aýlardylar. «Şeýle oňat, şeýle ukyply klasdaşyň gadyryny bilmändiris, ikilikçi diýip göwnüne degipdiris!» diýip ökünerdiler.
...Gijäniň ýaryndamy ýa-da gündiziň bir çagymy, belli däl welin, daşarda bir şytyrdy peýda boldy.
Şytyrdynyň yz ýanyndan kiçijik yş, yşyň agzynda-da bir serçäniň çüňki göründi. Bu şol «Klasdaşyň näme?» diýip, Deljä sowal beren serçe bolup çykdy.
— Eý, eý! Çyk, çyk! — diýip, ýaňky serçe pyşyr-dady. Delje süýrenip çykdy.
— Sen, Delje, git! Häziriň özünde! Basymrak öz klasdaşlaryň arasyna bar. Bu ýerde saňa indi gün garasyny görmek ýok. Ýaňyja serdarymyz seniň iki gözüňem oýup, özüňem pişikleriň öňüne oklap gaýtmak barada buýruk berdi. Ugra! Ýene sähel sa-lym eglenseň, işiň görülýär. Anha, gelýärlerem...
Ol serçe bir tarapa, Delje-de bir tarapa pysyrdaşyp uçup gitdiler. Bir salym uçandan soň, Deljäniň gulagyna yzdan bir şuwwuldy eşidilen ýaly boldy. Seretse, bir topbak serçe ýokary-aşak bolşup, ýetdim-ýetdim edip gelýärler. Delje bar güýjüni jemläp, ganatlaryny ýetişibildiginden galgatmaga başlady. Serçe bol, adam bol — jan her kime süýjü-dä!
Deljäniň garaçynyny edip gaçýanlygyna gara-mazdan, kowgy barha golaýlaýardy. Ynha, kowgu-laryň biri: «Ä-hä, şahyrjyk, jyryp barşyňmy şu» diýip gygyrdy. Delje bu şaňňy sesi yzyna seretmezden tanady: Garagoluň sesi. Anha, onuň sesi eýýäm ýo-karrakdan bir ýerden eşidilip ugrady.
Ýagyrnysyndan inen urgudan ýaňa Delje tas deňagramlylygyny ýitirip, aşak kelemenläp gaý-dypdy. Ýöne kynlyk bilen özüni dürsäp, ýene gaçyp ugrady. Indi urgular çar tarapdan ýagyp başlady.
Delje ahyrsoň çydaman, özüni aşak goýberdi. Geldi-de, ýer bagyrtlap ýatyberdi.
Kowguçylar ony ýerde has-da gazap bilen ütmäge durdular. Deljäniňem indi gaýtawul bermäge gurbaty ýok. Ol diňe gözüni, kellesini penalamaga çalyşýar. Adam wagtyndan galan endigiň etdirýäni-dä, ýogsam, gaýdyp kelledir gözüň hyzmatyndan peýdalanmanyň miýesser etjegini ýa-da etmejegini kim bilýär.
Birden serçeleriň biri: «Gaçyň, gaçyň! Gyrgy, gyrgy!» diýip, galagoply gygyrdy. Deljäniň kellesi abat galan borly, ol özünden gitmänkä, diňe «Gu-tardy!» diýip pikir etmeg-ä däl, eýsem, özüniň ýene az salymdan gyrgynyň garnynda peýda boljakdygyny göz öňüne getirmäge-de ýetişdi.

12-nji bap Ol bir mahallar gözüni açsa, töweregi çaýkanyp ýatan suw, astam suw, üstem suw, gapdallaram suw.
«Be-e, ýaňky meni ýuwdan gyrgynyň içi durşyna suw eken-ow!» diýip, Delje oýlandy. Seretse, daşynda ululy-kiçili bir topar balygam ýüzüşip ýör. Hakyky, janly balyklar. «Asyl gyrgy meni awlamazdan öň, balykdanam geregini edinen eken. Ýöne bularyň heniz diri gezişip ýörüşleri täsin!» Ony ýene bir geň galdyran zat: şu ummasyz suwuň içinde ýatsa-da, özüniň hopukmaýşy boldy. Bir wagtlar-a ol suwa bolanokdy, çümen badyna, öwhüldäp, zompa ýokary çykardy. «A-how, meniň özüm bir dirimikäm?!» diýip, ol ýene böwrüni diňledi. Ganatlaryny gymyl-dadyp görse näderkä? Wiý, hany, onuň ganatlary?!
Ganat ýerine, her gapdalynda beýleki balyklaryňky ýaly ýüzgüç gymyldap dur. Endam-janam sowut geýdirilen ýaly, ýaldyrawuk teňňeden örtülen. Ol bu ahwalatdan baş çykaryp bilmän, deňinden geçip barýan balyklaryň birini saklady:
— Dost jan, aýtsana, men kim? Serçemi ýa ba-lyk?
Ötegçi balygyň çüýşeden ýasalan ýaly göm-gök hem-de tegelek gözleri öňküsindenem tegelenen ýaly boldy. Agzy öweldi. Ol şeýdip durdy-durdy-da, «lykyr-lykyr» edip, agzyndan bir süri düwme goý-berdi. «Üstümden gülýär-ow, peläket!» diýip, biziň balygymyz (öňki Delje) içini gepletdi.
Ol ep-esli wagty şeýle gümürtik ýagdaýda geçirdi. Özüni ilkibaşda serçä öwrüp goýberen ja-dygöý onuň hakydasyna geldi. «Bu şondan başganyň işi däl — diýip, biziň balygymyz belli karara geldi. — Hawa-da, adamdan serçe ýasap bilýän jadygöý üçin serçeden balyk ýasamanyň näme kynlygy bar!».
Oglan-balyk uzak oýlanyp durmady, içinden:
«Aý, muňa-da sag bol, jadygöý aga!» diýip, beýleki balyklaryň arasynda goşuldy gidiberdi. Balyklar serçeler ýaly «Kim sen, nireden geldiň, kimiň jansyzy?» diýip, ýürege düşüp durmadylar. Asla täze gelen balyga ünsem bermediler. Bularyň aladaly görnüşleri, garabaşynagaý bolşup, eýläk-beýläk hars urup ýörüşleri oglan-balygy geň galdyrdy. Bularyň ýekejesini bir salym saklap, iç döküşjek gümanyň ýok. Göräýmäge seni diňläp duran ýalydyr welin, birdenem öwrüler-de, nirädir bir ýere peýkam kimin süýnüp gider. Görseň, ýa-ha ol bir balygy kowup barýandyr ýa-da başga bir balyk onuň mekgesine münüp gelýändir. Biziň balygymyz: «Bular bir möhüm zadyň ugrunda-ha çapyşyp ýörler welin...» diýen netijä geldi.
Diňe käte-käte dört-bäş sany balyk bir ýere üýşýärler-de, ýaltalyk bilen pallaşyp, özara pikir alyş-maga durýarlar. Bir gezek şeýle özara pikir alyşma gatnaşmak oglan-balyga miýesser etdi. «Şu gün pylan bekre üç sany çapagy lak-luk agzyna atdy» diýip, şon-da üýşen balyklaryň biri gürrüňe başlady. «Ýaňyrak ol bekränem bir uly lakga lak-luk agzyna atdy» diýip, ikinji biri söze goşuldy. Üçünji, dördünji balygyňam gürrüňi kimiň-kimi «lak-luk atanlygy» barada boldy.
— Tiz suwam-a sowap başlar — diýip, biziň ba-lygymyz gürrüňiň ugruny üýtgetmäge çalyşdy.
Balyklar onuň ýüzüne parhsyz seredişdiler. Ýaňky söze başlan balyk pallady-da:
— Dogry aýdýaň! Suw sowar welin, onsoň hem-meler söwenleri lak-luk atyp başlarlar, söwenler so-wuk suwda gaty gaçyp bilenoklar — diýdi.
Garaz, näme hakda söz açylsa-açylsyn, gep-gürrüň syrygyp, «lak-luka» geldi durdy. Soňra bu-jagaz söhbetiňem soňuna çykyldy. Balyklar ýene kimiň kimi lak-luk atanlygyny ýada saljak bolýan ýaly, çuňňur oýa batdylar. Şol pursat bulardan has kiçiräk bir balyk haýaljak ýüzüp, gapdaldan geçiberdi welin, gürrüňdeşleriň biri çaltlyk bilen öwrüläge-de, ony ýuwdup goýberdi.
— Bu ýaňkyny lak-luk agzyna ataýdy! — diýşip, beýleki balyklar hälkiniň öwgüsini ýetirdiler. Ol bol-sa kiçigöwünlilik bilen: «Aý, sizem-ä... üýtgeşik bir atan zadym ýok-laý» diýip utanjyrady.
Şundan soň ýene öňki-öňkülik başlandy. Kow-ha-kow, ur-ha-tut. Anha, biri özünden kiçijik başga birini ýuwdup goýberdi-de, gözlerini süzüp, biraz durdy. Şol wagt has ulurak balyklaryň bir gelip, onam agzyna atdy. Bu-da gözüni süzüp durka...
Bilesigelijilikden oglan-balygam adamyň külembikesi ýalyjak bir balygy «lak-luk atyp» gördi.
Balyjak ýüzgüçleri bilen onuň tas bokurdagyny ýyr-typdy. Oglan-balyk ony aňyrsyna geçirýänçä, azap baryny gördi. Şunda ol balyk ýuwdan balyklaryň keýpine gözlerini süzmeýändiklerine, ejirden ýaňa şeýdýändiklerine akyl ýetirdi.
Ýuwdulan balyjak aňryk geçensoňam, oýun baryny turuzdy. Oglan-balygyň içinde eýläk bir, beýläk bir ýüzdi ýördi. «Wah, iç-goşlarymyň-a işini görendir!» diýip, oglan-balyk howsala düşdi.
«Içimdäkiden bir dynsam bolýar. Soň etjegimi bilýän.
Özüm-ä bir ýuwutmaryn, beýlekileriňem bir-birini ýuwutmaklaryna ýol bermerin» diýip, ol öz-özüne söz berdi. Soň ol agzyny giňden açyp, çygylyberdi-çygylyberdi. Onuň gözleriniň öňi garaňkyrap, başy aýlanyberende, hälki ýuwdan balygy agzyndan atylyp çykdy. Çykdy-da, aňyrrak ýüzüp baryp, oglan-baly-gyň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. Soň doda-jygyny çömmeltdi-de, öz ugruna ýüzüp gitdi.
Oglan-balyk bolsa häzir möhüm bir meseläniň daşyna geçipdi. «Bularyň bu bolşunyň telekdigini öz-lerine nädip düşündirmeli?! — diýip, ol oýlanýardy.
Ýöne düşündireniň bilen-ä düşünmezler. Düşünme-dig-e «2-lik» goýjak diýseň näderkä? Wiý, mekdep bolmadyk ýerde «2-lik» näme işlesin diýsene! Onda mekdep açaýmaly bolar-da... Mekdep açmaly we «Ähli balyklar dostdur hem dogandyr» diýen tema-dan günde azyndan bir sagat okuw geçmeli. Gulak asmadygyňam «2-likden» ýüküni ýetirmeli. Ynha, şeýtseň, bulary akylyna aýlandyryp bolar. Ýogsam, bir biriniýuwdup tüketjeg-ä bular!»
( Dowamy bar)
6
60
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.