guli_
18.07.2021 01:19
Nusgawy multfilmler hakynda gyzykly maglumatlar

Mult­film­ler ulu­dan-ki­çä hem­mä­ni ja­dy­la­ma­gy ba­şar­ýar. Olar di­ňe bir kör­pe­je­le­ri­mi­ziň däl, eý­sem, äh­li­mi­ziň dur­mu­şy­my­zyň bir bö­le­gi­dir. Is­len­dik ýaş­da­ky ada­myň ha­la­ýan mult­fil­mi ýa-da gah­ry­ma­ny bol­ýar. Mult­filmler­de to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ril­jek bol­ýan dur­mu­şy my­sal­la­ry göz öňün­de tu­tup, gö­rel­de ala­ra köp zat bar. Mult­film­ler ani­ma­si­ýa­nyň kö­me­gi bi­len dü­şü­ri­len film­ler­dir. He­re­ket­li şe­kil­ler su­rat­keş­ler ýa-da re­al dün­ýä­dä­ki ob­ýekt­ler ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len üç öl­çeg­li ýa-da te­kiz şe­kil­li çar­çu­wa­ly ýaz­gy esa­syn­da dö­re­dil­ýär. «Tom we Jer­ri»-niň ýe­di ge­zek Os­kar baý­ra­gy­ny alan­dy­gy­ny ýa-da «Ýa­ba­ny tow­şan» mult­fil­mi­niň baş gah­ry­ma­ny «Bagz Ban­ni» at­ly tow­şa­nyň baş­ga-da 175-den gow­rak mult­film­de «keşp jan­lan­dy­ran­dy­gy­ny» bil­ýär­mi­di­ňiz? Makalamyzyň şu sa­nyn­da mult­film­ler we ola­ryň gah­ry­man­la­ry­nyň «dö­re­di­ji­lik he­ka­ýat­la­ry» ha­kyn­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ziň üçin jem­le­dik!
1940-njy ýyl­da «Ýa­ba­ny tow­şan», soň­ra «Se­bäp­siz ba­ha­na­lar» fil­mi­niň baş gah­ry­ma­ny «Bagz tow­şa­na» ses be­ren us­sat akt­ýor we ra­dio iş­gä­ri Mel Blank kä­şi­ri ha­la­ma­ýan eken. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ol tow­şa­nyň keş­bi­niň ýe­ri­ne düş­me­gi üçin baş gah­ry­ma­na ses be­re­nin­de ha­ky­kat­dan hem kä­şir iýip­dir.
«Gar­fild» at­ly mult­film bir­ba­da 7 dil­de ýaý­ra­dyl­ýar.
Mik­ki sy­çan­jy­gyň il­kin­ji ady Mor­ti­mer bo­lup­dyr. Te­le­ke­çi, ani­ma­tor, ýa­zy­jy, ses akt­ýo­ry we ki­no prod­ýu­se­ri Wal­ter Elaýas Dis­ne­ýiň aýa­ly bu sy­çan­jy­gyň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän keş­bi­ne we hä­si­ýe­ti­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi üçin onuň ady­ny Mik­ki diý­ip üýt­get­me­gi tek­lip edip­dir.
Adat­ça, gy­zyl jal­bar, uly sa­ry aýak­gap we ak el­lik geý­ýän Mik­ki sy­çan­jyk dün­ýä ýü­zün­de uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan çe­per keşp­le­riň bi­ri­dir. 1928-nji ýyl­da dö­re­di­len ak el­lik­li, mä­mi­şi saç bag­ly, no­kat-no­kat ak köý­nek­li, ök­je­siz aýak­gap­ly Min­ni hem kör­pe­je­le­ri­mi­ziň söý­gü­li keş­bi­dir. 1991-nji ýyl­da mult­film­de är-aýal keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­en Mik­ki we Min­ni sy­çan­jyk­la­ra ses be­ren Ueýn Oll­waý­n we Ras­sel Teý­lor soň­ra maş­ga­la gur­du­lar.
9
134
Ovezova_
18 Iýul 2021
👏👏👏
ideallider
18 Iýul 2021
"Aaaaa What's up, Doc?"🐰😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.