Greenleaf
16.07.2021 09:04
10-njy bap Tanyş serçeleriň dört-bäş sanysy bir topbak çöpüň aşagyna üýşüp, gowur turzuşyp oturan eken.
Delje-de şolaryň ýanyna baryp gondy.
— Bular her ýyl şeýdýärler ahyryn! — diýip, ser-çeleriň biri jibrinýärdi.
— Heý, bize-de şu biwatanlykdan dynmak bar-myka? — diýip, beýleki biri has-da janygyp gürledi.
Öz höwürtgesi bolmadygyň öz watany bolarmy! Iliň höwürtgesinde gün görjek bolsaň, kysmatyň şudur-da! — Ýeri, ýeri! Ters gürrüň ediberme! Serdara ýe-tirerin welin, kysmatyňy gözüňe görkezer...
— Külejäniň näme, öz höwürtgesimidi eýsem?
Ony näme üçin çykaryp kowmadylar?!
— Näme, Küleje bilen özüňi deňeşdirýäňmi indi?
Şonuň güni bir başyňa gelmesin...
— Aý, hawa-da, ejize, hossarsyza sarlaryňam rehimi inýändir-le!
Bu ýerde depesi tä beýnisine çenli çokulan hol bir wagtky garagolja serçe-de bar eken. Onuň höwürtge bilenem işi ýok, hossarsyz bilenem. Gürrüňiň arasynda sähelçe böwşenlik tapdygy, sözi şu günki bolan söweşe syrykdyrmaga çalyşýar:
— Pah, urşup keýpden çykdyg-aý şu gün-ä!
Köpden bäri şeýle hezillige sataşmandym... Ynansa-ňyz, bir özüm üç-dört sary urup ýykdym-aý!
— Üç-dört sary urup ýykanyň-a göremzok welin, üç-dördüň öňüne düşüp gaçyp barýanyň-a gördük — diýip, diňleýji serçeleriň biri ony utandyrmaga syna-nyşdy.
— Men gaçan däldirin, yza çekilendirin! — diýip, jalaýja eňek bermedi. — Üç-dördüň arasyna düşüp, sag-aman yza çekiläýmegem öňýeteniň elinden gel-ýän däldir.
— Hany, bes etsene paňkyldamaňy! Urdum-ýyk-dym-sürdüm diýibem aldyň-aý halys! — diýip, ýelek-leri hüžžerip duran bir ekabyr serçe onuň ýüzüni dalady. — A-how, serçeler, görýän welin, işiňizi tü-kedip ýörsüňiz öýdýän sizem! Gowusy, çynlakaýrak gürrüň tapsaňyzlaň, bir ýaňranyň agzyna aňkaryp oturmaň-da.
— Dogry. Gowusy, mundan beýläk nädip gün görmeli diýlen meseläni çözeli-le.
Mesele diýlende, Delje çalarak tisginip gitdi.
Göwnüne bolmasa, özüne tarap biri barmagyny çommaldaga-da: «Hany, tur ýeriňden, meseläniň çözgüdini sen aýt!» diýäýjek ýaly boluberdi. Ýöne aladasy agdyk serçeleriň onuň bilen işi-seri ýokdy.
— Be-e, indi şeýdip köçede galybermeli bolaýarmyka?!
— Alajyň näme eýsem?!
— Pena sorap, sarlaryň öňünde müzzerib-ä bol-maz.
— Müzzereniň bilen pena bererler öýdýäňmi?
Garagolja ýene ýoknasyzlygyny etdi:
— Ähli güýji jemläp, sarlaryň üstüne gaýtadan çozuş etmeli, höwürtgelerini basyp almaly!
— Hä-ä, muny bildiň! Indi bar şolaryň ýanyna, gözüňem akdyryp goýbersinler!
Serçeleriň bu janygyp, kelle döwüp oturyşlaryny göreniňde «Hä, bular-a bir çykalga tapman goýjak däl-ow! Iň bolmanda, häzir öräge-de, höwürtge baryny gurup başlarlar-ow!» diýdirýärdi.
Delje-de dili dek durýanlardan däl, onuňam gürläsi geldi, mekdepdäki endigi boýunça, sag ganatyny ýokaryk göterdi:
— Bagyşlaň, ýoldaş serçeler, bir soragym bar!
Serçeler: «Aýt-da-aýt!» boluşdylar.
— Aýtsam, ýaňky höwürtgeler aslynda kimiňki bolmaly?
— Sarlaryňky! Ýeri, bolanda näme? — diýip, ser-çeleriň biri göwni bir ýaly gürledi.
— O nähili «bolanda näme?» — Ynha, şu hili-dä! Sarlar-a gurýar, gyş golaýla-ýança ýaşaýarlar-da, soň gyşdan gorkusyna göçüp gidýärler. Bizem alaga-da, olaryň höwürtgelerini eýe-leýäris.
— Özgäniň höwürtgesine dawa etmäge kim size hukuk berýär? — diýip, Delje sesini gataltdy. — Beý-dip, ondan-oňa kowlup ýörenden, özüňiz höwürtge guraýsaňyz bolmaýarmy? Haýasyzlar!
Serçeleriň arasyna dymyşlyk aralaşdy. Olaryň bary bir salymlyk doňup galana döndi. Delje bu üm-sümligi öz peýdasyna ýordy. «Utandyrdym-ow bihepbeleri!» diýip, içinden begendi.
Şol wagt garagolja serçä jan girdi. Ol göýä agyr ukudan açylan ýaly, kellejigini silkdi, gözjagazyny açalak-ýumalak etdirdi-de, kynlyk bilen dillendi: — Hany, ýaňkyja sözleriňi ýene bir gaýtala...
Deljäniň ýüregi bir ýakymsyzlygyň boljagyny sy-zan ýaly, çalt-çaltdan urmaga başlady. Şu aralykda onuň hälki gaharam gaçmaga ýetişdi. Gahar bilen bile gelen ýaňkyja batyrgaýlygam zym uçupdyr.
Onýança beýleki serçelerem «Gaýtala-da-gaýtala!» bolşup, onuň daşyna aýlanmaga başladylar.
Olar gitdigiçe gazaba münýärdi:
— Saňa hukuk gerekmi? Kimiň hukuk berenini bilesiň gelýärmi? Biziň ýeňilmezek serdarymyz berýär şol hukugy! Ýa-da onuň berýän hukugyna göw-nüň ýetmejek bolýarmy, hä?
Deljä agzyny açmaga maý bermediler.
— Sen biziň şöhratly neberämiziň üstünden güljek bolýaňmy? Gel-gel, indi biz – dabarasy daglar-dan aşan Lokga serçäniň nebereleri palçyga bulaşyp, çöpe çolaşyp, höwürtge gurarysmy? Sen bizi hol Çot-dy serçe ýaly garamaýaklara deňäp, kemsitjek bol-ýaňmy?
— Ýeňiýoluk Çotdynyň jansyzydyr şu diýip ara-da men kän jibrindim welin, gulak asan bolmady-da.
Delje «Wah, işim gaýtdy. Asyl bularda henizem baý-garyply zamana dowam edýär oguşýa!» diýip oýlandy. Ýere has beter ýapyrylyp, gözlerini ýumdy.
— A-haw, merhemetli perdeşler, bu bir gelmişek ahyryn! Munuň bilen deň bolup durmak bize geliş-meýär. — Delje gözüni açsa, arada özünden «Klas-daşyň näme?» diýip soran serçe gürläp dur. — Hawa, doganlar! Munuň üçin janymyzy ýakyp, jöwenden gymmat wagtymyzy ýitirip durmalyň. Bu samsyk gelmişek neberäni, derejäni, abraýy nireden bilsin!
— Jöwen-ä oňat ýada saldyň-aý! Bişendir...
— Bişendir, bişendir! — diýip, serçeler tekrarla-dylar.
— Çozdukmy?!
— Çozduk, çozduk!
Deljäniň ýokary göterilmäge kuwwaty ýetmän, ýer bagyrtlap kän ýatdy. Howpy üstünden sowan hälki serçä içinden alkyş baryny okady.
(Dowamy bar)
7
48
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.