Hekaýa
Gündogar ýurtlarynyň biri.Köçede günortanyň jöwzasyndan goranyp jaýyň kölegesinde garry derwüş ýatyr.Onuň eşikleri sal-sal.Ol huşsuz ýaly gözlerini süzüp,oýaly-ukulydygny aňdyrmaýardy.
Edil şol wagt köçäniň ugry bilen emeldarlaryny yzyna tirkäp,şäher häkimi geçip barýar eken.Ol bezemen geýnip,nökerleriniň arasy bilen dabaraly ädim urýardy.
Köçäniň ugrundaky adamlar alňasaklyk bilen yerlerinden turup,çekinjeňlik bilen häkime tagzym edyärdiler.
Gamçysyny bulaýlap barýan garawulbaşy derwüşiň bolup ýatyşyny görüp,oňa tarap okduryldy-da,haybat bilen gygyrdy:
_Köçäň ugrunda bolup ýatyşyň näteňet?Kimiň gelýänini göreňokmi bihaya?Häziriň özünde ýeriňden tur-da baş eg!
Derwüş gözlerini owkalaşdyryp,asudalyk bilen jogap berdi:
_Men diňe özümden beýik adamlaryň öňünde baş egýän.
Bu sözleri eşiden şäher häkimi geň galdy,soňra gahar bilen:
_Aý,betbagt derwüş,men,näme,senden beýik dälmi?_diýip,sorady.
_Elbet-de beýik däl.
_O nähili beýle?
_Bu bir ýönekeýje zat.Eger sen häzirkiňden ýokary galsaň onda kim bolarsyň?
_Welaýat häkimi_diýip,häkim aýdan.
_Onsoň kim?
_Onsoň wezir.
_Soň näme?
_Aý,betbagt,soň baş wezir bolaryn-da.
_Ýeri ondan soň,soň kim?
_Adamyň aňry çägi şol.Biziň hemmämiz patyşa gulluk edýäs diýip häkim aýdan.
_Ähä.Onda patyşadan ýokarda kim bar?
_Hiç kim.
_Men şol "hiç kim-dä"! Sen,gowusy,heläk bolup durma-da,öz ýoluň bilen gidiber_diýip derwüş ýadawlykdan ýaňa ümezläp duran gözlerini ýumdy.
Awetik Isaakýan.
Ermeni ýazyjysy.