Bir täsin gudrata garaşyp ýörşüňe,ömrüň paýawlap barýanyny duýman galýarsyň.Bihuda garaşyp oturma,barybir,nepi degmez.Iň gowy täsinlik näme,bilýäňmi?Bu sensiň!Ençe güzaplara garamazdan,birjik-de yza tesmediň,hemmesiniň hötdesinden gelmegi başardyň.Şol güzaplaryň galdyran ýakymsyz ýatlamalaryny unutmak üçin bir täsin gudrata garaşýarsyň.Ähli hupbatlardan eserdeňlik bilen baş alyp çykyp,durmuşyňda täze bir sahypa açmak,gudratlaryň iň ajaýyby dälmi,eýsem?Şonuň üçin gudrata garaşyp oturmagyň hiç hili hajaty ýok.Eger bir täsinlik gerek bolsa,onda aýnaň öňüne geç-de seret.Şonda iň owadan gudrata şaýat bolarsyň.
Miraç Çagry AKTAŞ,
Türk yazyjysy