Bir gürrüňçilikde garadangaýtmaz kazybek:
_Dünýä bir durkunda durubermän,kä düzelse,käte bulaşyberýär.Onuň bulaşmagyna zamana günäkärmi ýa-da adamlar?_
diýip sorapdyr.
Böken biý oňa:
__Zamana ýer ýüzündäki ähli janly-jemendä deňlikdir__diýip,sözüni dowam edipdir.__Onuň wagtal-wagtal bulaşmagyna tebigatyň kanuny diýse-de boljak.Emma meniňçe,dünýäniň bulaşmagyna adamlaryň özleri günäkär.Sebäbi adamlar bir-birlerine görübilmezçilik edip,yrsaraşyp,gybat edip,birek-biregiň gözüne çöp atyp,agzalalyga çenli baryp ýetýärler.Olara näme ýetenok?!Biriniň güzerany beýlekisine garaşly däl.Muňa garamazdan adaty bendeler biri-birine hyýanat edýärler.Bu ýerde zamananyň näme günäsi bar?Niýeti-päli ýaman adamyň özi-de,işi-de erbetdir.Yagşyzadalar:
--Adamlar niýetini dürs tutsalar,gowulyk,rysgal-döwletlilik,parahatçylyk hemişe olaryň hemrasy bolar"diýip,wesýet edip gidipdirler.Zamana __bu öwsüp duran ýel mysaly.Şonuň üçinem adamlar zamananyň gara ýeliniň tersinden ýöremän,ýagny dünýäde bolup geçýän erbet zatlara ýykgyn etmän,gowulyga,ýagşylyga ymtylyp ýaşabermelidirler.Şeýtseler,zamana hem bulaşmaz,ýer-ýurtlar hem tozmaz.
Awor:K.Turdagalyýew.Gazak ýazyjysy