guli_
08.07.2021 16:31

Iň arassa deňizler.

To­mus­ky dynç alyş diý­len­de, il­ki bi­len de­ňiz ke­na­ry, Gü­nüň ba­ty­şy­nyň aja­ýyp gö­zel­li­gi, ak çä­ge, tol­kun­la­ryň ra­hat­lan­dy­ry­jy se­si we de­ňiz ke­na­ry­nyň aras­sa ho­wa­syn­da ge­ze­lenç et­mek göz öňüň­de jan­lan­ýar. Ýer ýü­zün­de sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýän müň­ler­çe de­ňiz ke­na­ry bar. Her ýyl­da sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­mi­niň baş­la­ma­gy bi­len hü­när­men­ler owa­dan tebigatly de­ňiz­le­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­ýar­lar. Ge­liň, ola­ryň kä­bi­ri­ne göz aý­la­lyň:

Gy­zyl de­ňiz. Bu de­ňiz aras­sa­ly­gy bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Bu ýe­riň aras­sa bol­ma­gy­nyň se­bä­bi deň­ze pal­çyk we gyr­man­ça ge­ti­rip bil­jek ýe­ke­je der­ýa­nyň hem ak­maz­ly­gy­dyr. Şeý­le hem Gy­zyl de­ňiz iň ys­sy we duz­ly de­ňiz­le­riň bi­ri­dir. Deň­ziň ady hem tö­tän­le­ýin bol­man, ol su­wu­nyň ada­ty bol­ma­dyk gy­zyl reň­ki bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu deň­ziň ýe­ne-de bir äh­mi­ýet­li ta­ra­py haý­wa­nat dün­ýä­si­ne baý bol­ma­gy­dyr. De­ňiz­de üç müň­den gow­rak ba­lyk, üç ýüz mer­jen gör­nü­şi we müň­ler­çe beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry ýa­şa­ýar. Bu bol­sa di­ňe de­ňiz ke­na­ry­ny däl, eý­sem, su­wa çüm­me­gi ha­la­ýan ja­han­keş­de­le­ri hem özü­ne çek­ýär.
Ka­rib deň­zi. Dün­ýä­dä­ki iň uly de­ňiz­le­riň bi­ri (meý­da­ny 2 mil­li­on 754 müň ine­dör­dül ki­lo­metr) bo­lan Ka­rib deň­zi Gün­ba­tar ýa­rym şar­da ýer­leş­ýär. At­lan­tik um­ma­nyn­da­ky Ka­rib ada­la­ryn­da ila­tyň seý­rek bol­ma­gy bu ýer­de di­ňe de­ňiz ke­na­ryn­da däl, eý­sem, gu­ry ýer­de hem aja­ýyp te­bi­ga­ty syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ulu­dy­gy­na we çuň­du­gy­na ga­ra­maz­dan, (iň çuň no­ka­dy 7886 metr) aja­ýyp mer­jen ga­ýa­la­ry­nyň do­kuz gö­te­ri­mi bu de­ňiz­de ýer­leş­ýär. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si bu ýe­re su­wuň aşa­gyn­da­ky te­bi­gy gö­zel­li­gi gör­mä­ge gel­ýär­ler.
An­da­man deň­zi. Bu de­ňiz dün­ýä­niň iň ys­sy ýer­le­rin­den bi­ri­dir. An­da­man deň­zi­niň su­wy ýy­lyň do­wa­myn­da 28 de­re­je­den so­wuk bol­ma­ýar. Ýaz pas­lyn­da bu ýer­dä­ki su­wuň tem­pe­ra­tu­ra­sy 30 de­re­je­den ýo­ka­ry­dyr. An­da­man deň­zi Hin­di um­ma­ny­na de­giş­li bo­lup, meý­da­ny 605 müň ine­dör­dül met­re ba­ra­bar­dyr. Or­ta­ça çuň­lu­gy müň metr­den gow­rak. De­ňiz­dä­ki du­zuň muk­da­ry Ýu­waş um­ma­ny­na ga­ra­nyň­da pes­dir. Şeý­le hem An­da­man deň­zi­niň düý­bi aras­sa ak çä­ge we be­je­riş to­ýun­la­ry bi­len ör­tü­len­dir. Mun­dan baş­ga-da, bu de­ňiz­de meş­hur Ira­wa­di del­fin­le­ri ýa­şa­ýar. Tä­sin de­ňiz jan­da­ry kit­le­re örän meň­zeş bo­lup, ag­zyn­dan suw se­pip bil­ýär.
Fi­lip­pin deň­zi. Bu deň­ziň meý­da­ny 5 mil­li­on 726 müň ine­dör­dül ki­lo­met­re deň­dir. De­ňiz di­ňe bir ulu­ly­gy bi­len çäk­len­män, eý­sem, çuň­lu­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Dün­ýä­niň iň çuň ýe­ri (11 müň met­re go­laý) ha­sap­lan­ýan Ma­ria­na çö­ket­li­gi hem bu de­ňiz­de ýer­leş­ýär. Mun­dan baş­ga-da, deň­ziň aşa­gyn­da be­ýik­li­gi 3 ki­lo­met­re go­laý bo­lan uly wul­kan de­pe­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Fi­lip­pin ada­la­ryn­da ýy­lyň al­ty aýyn­da he­mi­şe di­ýen ýa­ly ýa­gyş ýag­ýar. Fi­lip­pin ada­la­ryn­da dynç al­mak üçin iň amat­ly dö­wür güý­züň ahy­ryn­dan ba­ha­ryň or­ta­la­ry­na çen­li do­wam ed­ýär.
7
59
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
8 Iýul 2021
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.