Greenleaf
07.07.2021 12:34
8-nji bap

«Bir goýundan ak hem dogar, gara-da» diýenleri çyn ekeni. Serçe çagajyklarynyň hemmesi birmeňzeş ýumurtgadan çyksa-da, hersi özbaşyna häsiýet bolup döredi. Biri agrasja, hatda tekepbirrägem, beýlekisi onuň tersine, baryp ýatan gykylykçy, uruşgan, üçünjisi gorkak hem gysganç, bir zat iýende-de, aňyrsyna bakman, gizlemän iýip bilenok. Ikatýokjyg-a öňdenem serçe iline goşulýan zat däl. Onuň diňe agzy boş durmasa bolýar. Tekepbirligiň bilenem işi ýok, gykylygyň, gysgananyň bilenem.
Delje bu ganatly ýetimjikler bilen uly görgä galdy. Sähel haý-küş etmeseň, biri ters öwrülip, dommarylyp otyr, nämemiş, iýmiti agzyna tutdurmanmyşynlar, şonuň üçinem öýkelänmiş. Ýöne onuň bilen oňuşsa boljak-la. Derdiň ýamany beýlekide — gykylykçyda. Özüne getirilen zady iý-män, hamana, gysganjyň iýmitiniň baly bar ýaly, şoňa ýapyşýar. Gysganç diýeniňem özüňe belli, ýekeje owuntyk hakyny giderenden, şol owuntyga düwnüp ölenini gowy görýär.
Ine, onsoň, iki doganyň arasynda turýar bir dawa, turýar bir topalaň. Ol aňryk çeker, bu bärik, ol urar çüňki, bu-da ondan kem galmaz. Şeýdip, iýmitem ýatdan çykar, beýlekem. Şol aralykda, bularyň agzyna seredip, ýuwdunjyrap oturan ikatýokjyk assyrynlyk bilen geläge-de, ikisiniňem paýyny lak-luk atýar.
Soňurrak, aç galan gysganç «Nätdiň, nätdiň?!» diýip, aglamjyrap ugrar. Uruşgan bolsa çüňki bilen o ýerini-bu ýerini barlaşdyran bolup oturyşyna «Hakyňdan, deňje paýlaşan bolsaň, ikimize-de ýeterdi!» diýip, ony barha öjükdirýär. Agras serçejik bolsa doganlarynyň ikisiniňem üstüne gygyrýar-da, soň ikisindenem öýkeläp, dymýar. Delje bulary ýaraşdyrjak, oňuşdyrjak bolup, ganat-perden, güýç-kuwwatdan aýrylyp barýardy.
Halys degnasyna degensoň, onuň käte-käte «Sizdenem bir dogan bormy, bihepbeler! Ynha, biz öz doganymyz bilen...» diýip gygyryberesi gelýärdi.
Ýöne özüniňem inisi bilen oňşugynyň şundan öwerlik bolmanlygy ýada düşüp, sesini çykarmazdy.
Deljäniň bagtyna, serçejikler tizarada uçmagy öwrendiler. Ilki bilen uruşgan uçdy. Uzakly gün höwürtgede iýmit getirilerine garaşyp oturmaga onuň karary ýetmedi. Ine, onsoň, bir gün höwürtgeden kellejigini çykaryp, aşak seredip otyrka, ýerde gyrmyldap barýan jandarjygy gördi-de: «Jik-jik, möjejik! Jirk-jirk, möjejik!» diýip, göni aşaklygyna gaýdyberdi. Onuň gapdalynda oturan gysganç ýerdäki möjejigi görmese-de, doganynyň bir zat tapanyny aňdy. Onsoň doganyndan öňürtjek bolup, o-da aşak eňdi. Ikisem daş gaçan ýaly bolup, patlap ýere düşdüler.
Soň-soň ýere patlap däl-de, gaýyp düşmegi öwrendiler. Soň aňyrrakdan öwrüm berip gaýtmany çykardylar. Garaz, şeýdip, uçmak işi oňuna boldy-da gidiberdi.
Indi höwürtgede köplenç agrasja serçe bilen ikatýok ikisi galýardy. Galanlary gazanç bilen mübtela. Agrasja-da näler uçjak welin, arman, agras-agras pikirleri oňa päsgel berýär. «Hany, entek pikirlenip göreýin! Uçmak diýlen zat oýunjak iş däl ahyryn!» diýip, ol oýlanýardy. Höwürtgeden ýere çenli aralygy gözi bilen ölçäp, uzakly gün kelle döwýärdi.
Ahyrsoň, açlyk-mätäçlik ähli hasaby bulaşdyryp başlansoň, ol ýüregine daş baglap, gözjagazlaryny ýumup, höwürtgeden üzüldi... Bir gün özüni aldap, deşige sümüp giden gurçukdan gaty gördi, ertesi ernini dyrnaçaklan tomzajykdan öýkeledi. Ýöne herniçigem bolsa, eýdip-beýdip gün-güzeran görmegi öwrendi.
Iň soňunda ikatýokjyk galdy. Iýmitlenmek üçin, agzyňy açyp, gözüňi petredip oturmakdan başga-da ýollaryň bardygyna düşünensoň, o-da uçmak bilen boldy. Bir günden bir gün bolsa, ol awa gitdi-de, gaýdyp gelmedi. Delje oňa kän garaşdy, geler ýerde gelmänsoň: «Aý, bir kebelegiň ýa-da teneçiriň yzyna düşüp, kowalaşyp gidendir-dä!» diýen netijä geldi.


9-njy bap Serçejikleri aman-sag kemala getirip, guş hataryna goşansoň, Deljäniň birazajyk dünýäsi giňäp, reňki durlanyp başlady. Çüňkleri bilen ganat-perini arassalaşdyrmaga-da, daş-töweregi, aşak-ýokaryny synlamaga-da az-kem wagt tapyp ugrady. Daş-töwerek bolsa şeýle bir gözel eken, şeýle bir hezil eken. Hol garagörnümde saýa salyp, şaglap oturan baglar diýermiň, ýaýylyp ýatan ekinzarlyklar diýermiň, dürli dilde, dürli heňde saýraşýan guşlar
diýermiň. Gözüni ýumaga-da, aýdyma gygyrybe-resiň gelýär.
Her günem säher bilen harabaçylygyň gaýrasyn-daky gumak ýoldan çagalar mekdebe geçýär.
Öýlänem şol ýol bilen mekdepden yzlaryna gaýdýarlar. Delje olaryň kesek atym yzyndan pysyr-dap, harabadan mekdebe çenli, mekdepden haraba çenli ugradýar. Delje olaryň haýsynyň sapaklaryna taýýarlyksyz barýanyny, mekdepde haýsynyň nähili baha alanyny hatasyz kesgitläp bilýär. Özüniň adybelli «ikilikçi» ülpetleri ýüzlerini sallaşyp, sumkalaryny süýreşip geçiberdigi, Delje «Gaýgy etmäň, oglanlar! Biziňem göz görkezjek wagtymyz geler!» diýip, içinden olara göwünlik bererdi.
Sumkasyny oklap-gapyp, bökjekleşip barýan «5-likçileri» görse, gözi giderdi. Öz-özüni köşeşdirmek üçin, «Bolsaňyz bolupsyňyz-da «5-likçi!» Ony kim oňarmaýar. Ýöne, hany, serçä öwrüljek bolup görüň!
Başaraýmarsyňyz!» diýerdi.
Serçeleriň durmuşynda-da gowy günler gaty gysga bolýan eken. Delje heniz özüni doly dürsäp, gerdenjiklerini oňly ýazmaga ýetişmänkä, serçeleriň mesgeninde uly harasat gopdy.
Delje bir gün säher bilen uly gyk-baga, yzanda-çuwanlyga gözüni açdy. Ol kellejigini höwürtgeden daşaryk uzatdy-da, bada-bat yzyna çekdi. Harabanyň içindäki turýan topalaň akyla sygar ýaly däl. Jüýgüldi, jürküldi diýlen zat gulagyňy gapyp barýar. Ýelek-per diýlen zat asmandan gar ornuna gaýyp düşüp dur.
Nirä seretseň, gara, melemtil reňkli nätanyş guşlar, haýsy tarapyňa baksaň, ala-basgy bolşup, jyryp barýan serçeler...
Delje bu zatlar düýşünde bolup durandyr öýdüp, gözlerini mäkäm ýumdy. Bir salymdan ýene açdy.
Görse, onuň höwürtgesiniň edil öň ýanynda hälki gara, melemtil guşlaryň biri hekgerip otyr. Özem Deljäniň göni garagyna seredip, «Çyk-çyk-çyk!» diýip tekrarlaýar. «Wiý, bu sar ahyryn!» diýip, Delje içini gepletdi. Birhili ýüki ýeňläp, göwrümi giňän ýaly boldy. Öňräk, adamka-ha onuň sarlar bilen arasy erbet däldi. Hatda ýoldaşlaryndan kem galmajak bolup, sarlar üçin bir-iki sany agaç höwürtge-de ýasapdy. Şonuň üçinem ol ýaňkynyň ýüzüne bakyp, dostlukly äheňde: «Eý, salam, sarmy sen?» diýdi. Sar hem oňa seretdi-seretdi-de, birden: «Çyk-çyk-çyk-çyk!» diýip, çalt-çalt gaýtalap ugrady. Deljäniňem gahary geldi. «Çykmaryn!» diýdi. «Kimdirin öýdýäň-aý özüňi? Düýn dälmidi meniň inimiň elinden däne çokup ýöreniň!» diýdi. Onuň bu sözleri azda-kände täsir etdimi-nämemi, sar aljyrady. Ne öňküsi ýaly «Çyk!» diýip bildi, ne-de uçup aňyrrak gitdi. Ikijahan owarrasy bolup, höwürtgäniň agzynda kän oturdy.
Onýança ýene bir sar uçup geldi. Ol bir öz garyndaşynyň, bir-de Deljäniň ýüzüne dikarynlap seretdi-de: «Nijik-niçik-niçik?» diýdi. Öňden oturan sar «Juk-juk-juk!» diýip başyny ýaýkady. Onsoň iki sar beýleräk çekilip, nämedir bir zadyň maslahatyny etdiler. Gaýtadan gelibem, geçdiler Deljäniň daşyna. Hersi bir ýandan çokup, çekeläp, ütüp, alarladyp barýarlar. Delje çydaman: «Dat, ýeteweriň!» diýip gygyrdy. Ýöne serçelerden kömege geleni bolmady. Hatda Deljäniň öz ýetişdiren serçelerem gara bermedi.
Halys ejizlän Delje «Eje-e!» diýip, sesiniň ýetdiginden möňňüre-möňňüre, höwürtgäni taşlap gitdi.
( Dowamy bar)
6
84
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.