6-njy bap
Agsaklaryň höwürtgesi obanyň garagörnüm çetindäki harabanyň jaýrygynda ýerleşýän eken.
Delje bu harabanyň her bir kesegine, deşigine-jaýrygyna bäş barmagy ýaly beletdi. Öň özi ýaly işýakmaz oglanjyklaryň bir topary bilen höwürtge bozmaga telim sapar gelipdi.
Delje köne höwürtgä, onuň içinde akjaryp ýatan ýumurtgalara seňrigini ýygryp seretdi. Aýajygy bilen olaryň birini çalarak depibem goýberdi. Birdenem, serdaryň haýbatly sözleri ýadyna düşüp, töweregine ýaltaklady. Uludan demini alyp, emaý bilen ýumurtgalaryň üstüne çökdi. Bir salymdan soň, beýdip oturmaga-da karary ýetmän, böküp daşary çykdy, Gum-kesege öwrülip barýan harabany täzeden, serçe nazary bilen synlady. Höwürtgeden ýere çenli aralygy gözi bilen ölçäp gördi.
— Äý, nadanlar diýsänim! Ýerden ýigrimi bäş gulaç ýokarda diýip öwýän höwürtgäňizem şumy? — diýip, hälki özüni getirip giden serçeleriň yzyndan käýinjiredi. — Munyňyz ýerden iki gulajam ýog-a!
Bir oglanjyk beýlekiniň egnine münse, bujagaz höwürtgäni kellesine geýibem giderler... Aý, geýse-geýip geçsinler, tozdursa-tozdursynlar, maňa näme!
Uçar-da giderin.
Şol wagt serdaryň «Öz çüňküm bilenjik üterin!» diýen sözleri gaýtadan gulagyna gelen ýaly boldy, göýä serdaryň polat çüňki depesinden inip gelýän ýaly, boýnuny içine ýygryp, kellejigini eginleriniň arasynda gizledi. «Üter, hökman üter! Perimi tozdurar, gözümi akdyrar!» diýip, galagop halda oýlandy. «Ýeri, onda nätmeli? Ýokarrakdan başga höwürtge gurmalymy? Aý, täzesini gurýançaň, sütüniň süýner-le... Ýokarda boş duran höwürtge ýokmuka?» Delje pysyr-pysyr edip, o diwardan bu diwara, o jaýrykdan bu jaýryga gatnap başlady. Uzak wagtlap sermenenden soň, harabanyň belent ýerinde gurlan bir bolgusyzja höwürtgäniň üstünden bardy. Onsoň bir ýerden adamyň aýasy ýaly letde tapdy.
Ýumurtgalaryň birini şol letdäniň üstüne togalap, letdäniň dört burçunam bir ýere jemledi-de, çüňküne gysdyryp, täze tapylan höwürtgä eltip geldi.
Ýumurtgalary şeýdip ýeke-ýekeden daşady. Öler ýaly ýadady. Ajykdy. Ýöne nätsin, näme iýsin? Beýleki serçeler ýaly gurçuk-purçuk, mör-möjejik tutup garbanaýyn diýse, işdäsi alanok. Gaýtam, beýlekiler: «Şu gün pylança gurçugy bir özüm lak-luk atdym» diýip, öwnüşip ugrasalar, onuň aňyrsy bärsine gelýär.
Bugdaý-jöwen bişerden bolsa entek ir. Çörek owuntygynyňam çaşyp ýatan ýeri ýok. Bar ýerinden çöpläýjegem bolsaň, ullakan töwekgelçilik gerek.
Başyňy etegiňe salyp gitmeli. Çörek owuntygynyň pytrap ýatan ýerinde dyrnaklary syh-syh pişikleriň, eli kemanly bezzatlaryň köwejekleşip ýörýändigini kim bilmeýär?!
Öňküler ýaly, «Gel, balam, naharyň sowady» diýere ejesi ýok. Oýnap ýörkäň ajygaňda, «Bar, öýden çörek getir! Üstüne-de mesge çalyp getir!» diýip iberer ýaly inisi ýok. Aldap, elinden kökesini alyp iýerin diýse, agzyny açyp ýören aňkaw Aman ýok. E-e-eý, o döwürler... o günler... Gadyry bilinmändir-dä ol günleriň!
Deljäniň bir oňarýan zady uludan-uludan dem al-mak, şony berjaý edensoň, höwürtgä geçdi-de, ajöze, ýadaw halda uklamakçy boldy. Ýöne ýumurtganyň üstünde ýatmaga endik etmänsoň, aşagy ýumakly ýaly, eýläk-beýläk togalanyp, uzak gijäni ukusyz diýen ýaly geçirdi.
7-nji bap
Delje bir gün gelse, höwürtge öňküsindenem daralan ýaly. Ozal arkaýyn girip-çykaýmasy bardy welin, indi kellesini soksa, guýrugy daşarda galýar, götinjekläp girse-de, kellesi daşarda somalyp dur.«Bu nähili bolýar-aý? — diýip, Delje kiçijik kellesine agram salmaga başlady. — Ýumurtgalar köpelip-dagy edäýdimikä? Hany, sanap göreýin: bir, iki, üç, ...Üstünde oturanymy sanadymmaý?! Hany, bir, iki, üç, dört... Beh, öň bir sanamda, jüp däl-de, täk çykan ýaly-la! Köpeläýen-ä däldir-dä... Öz-özünden nädip köpelsin! Tersine, azalan bolaýmasyn?! Azalan bolsa, onda höwürtge daralman, gaýtam giňelmezm-aý? Hany, mugallym näme diýip öwredýärdi entek?!
Mukdaryň möçbere bolan gatnaşygy... Ýok, möçberiň mukdara bolan...» Deljäniň kellesiniň içi bulam-bujar boldy. Özüniň hasapdan asgynlygyna ol ilkinji gezek ýaman ahmyr etdi. Hasap diýlen zat serçe bolsaňam, gerek eken. Wagt bolsa geçip dur, geçip dur. Delje eýlesine-beýlesine garanmaga ýetişmänkä, höwürtgedäki ýumurtgalar gyzgylt öwsüp, gezekli-gezegine çyzyk açyp başlady. Ine, bir günem olardan sary çüňklüje, gyzyletene, birmeňzeşje jandarlar jüýgüldeşip çykdy. Çykan batlaryna-da, «Iýjek-de-iýjek!» bolşup, Deljäniň gulagyny guk etdiler.
Delje görgüli her gün iýmit gözleginde menzil-menzil ýol geçýärdi. Diňe garaňky gatlyşyberende, ganatlaryny zordan galgadyp, höwürtgä özüni atýardy. Daň ataram welin, ýene şol öňki güzeran, şol öňki güzap.
Iýmit tapmak diýeniňem dilde aňsat ekeni.
Ýokaryk galsaň-a, depäňden gyrgy garawullap dur, ýere gonsaňam, pişik ýapyrylyp gelýär. Getiren iýmitiňi bu gyzyletenelere sag-aman iýdiräýjek bolsaň, ondanam kyn. Ala-basgy bolşup, bir-birinden öň iýjekler. Sähel göz-gulak bolmasaňam, iýmite düwnüp, gök-dalak bolýarlar. Şonuň üçinem olaryň hersi öz paýyny sag-aman bokurdakdan ötüräý-ýänçä, Delje höwürtgäniň agzyny saklap oturardy.
Özem olaryň gurçuklary, mör-möjekleri açgözlük bilen ýuwudyşlaryny görmejek bolup, gözüni ýumardy.
Ýumurtgalaryň biri juda haýal, hemmesinden soň çyzyldy. Ýöne ondan çykan guş çagasy welin öňki-soňkynyň çaky bolmady. Asyl onuň garnynyň dok, gözüniň doýgun wagtyna gabat gelip bolmasa nätjek!
Haçan görseň agzy açyk, haçan görseň iýermen.
Özem kän symyşlaýanlygyndanmy-nämemi, günsaýyn däl-de, sagatsaýyn ýognap, ulalyp barýar.
Sanly günüň içinde ol Delje bilen deňeçer boldy, soň ondanam ozdurdy. Indi ol Deljäniň getirýän iýmitini diläp däl-de, basyp alyp iýýärdi. Bu bedähediň syry basym äşgär boldy.
Käte-käte bir ýerlerden ikatýoguň «Iki-at-ýok!
Iki-at-ýok!» diýip zarynlaýan sesi gelýär welin, ýaňky mähnet guş çagasam symyşlamasyny goýup, diňşirgenýär. Soň o-da öňe-öňe omzap, bogazyndan «Kat-ýo-ok» diýen ýalyrak ses çykarýar.
Delje bir gezek bu hadysanyň edil üstüne geldi.
«Ikatýok köplenç öz çagasyny özi eklemeýär. Heniz ýumurtgadan çykmanka, ony başga guşlaryň höwürtgesine taşlap gidýär» diýip, mekdepde eşiden gürrüňi güpbe ýadyna düşdi. Nämäniň-nämedigine göz ýetiren Deljäniň gahary bokurdagyna geldi. «Men seniň atyňy bir gözüňe görkezeýin-le!» diýip, ol ikatýokjygyň üstüne topuldy. Öňdenem darajyk, çagşan höwürtgäniň içinde gopdy bir topalaň. Boldy bir güpür-tapyr.
Deljäniň «Mugthor! Ýatyber! Bihaýa!» diýen janyýangynly jibrinmesi, ikatýoguň naýynjar jüýgüldisi, zähresi ýarylara gelen çülpe serçeleriň galagoply pysyrdylary...
Delje mugthor ikatýoguň eýini mazaly ýetirenden soň, höwürtgeden çykyp, hol beýlede gondy. Jany agzyna gelen ikatýoguň iňlemä meňzeş jüýgüldisi içerden soňam geldi durdy. Gahary ýatyşyp, birneme köşeşenden soň, Deljäniň ikatýokjyga nebsi agyryp ugrady.
«Ýowuzrak daraýdym öýdýän! — diýip, ol içini gepletdi. — Hakyna seretseň, munda günä-de ýok ýaly. Günä muny şeýdip taşlap giden ata-enesinde».
Delje biraz oturyp, dem-dynjyny alansoň, awuň gözlegine çykdy. Bir çalajan ýagyş gurçugyny çüňküne gysdyryp gaýdyp geldi. Onuň garasyny görenden, ikatýokjyk gorkup, höwürtgäniň bir böwrüne gysyldy.
— Näme sandyran bolýaň? Iýesim ýok! Al, düwnüp geçen...
Delje getiren iýmitini onuň agzyna atdy-da, hüňür-hüňür edip, çykyp gitdi.
Ertesi goňşy serçe oňa sowal berdi:
— Ýeri, Delje, düýn höwürtgäňde näme gopgun turdy? Gykylygyňyz-a ýaman belentden çykýardy.
— Aý... — Delje ganatyny salgap goýberdi. — Ýumurtgalaryň birinden ikatýok çykdy.
— Senem ony ekläp ýörmüň? Kow ony, derrew kow! Gümüni çekip goýber!
— Kowaňda, ol nirä gitsin? Enesi bolmasa, atasy bolmasa, agasy ýa inisi bolmasa. Guş diýeniňde iň bolmanda klasdaş-zadam-a ýok, bir gije öýünde ýataýaryn diýer ýaly.
— Klasdaşyň näm-aý? — diýip, goňşy serçe onuň ýüzüne jiňkerildi.
— Dost, ýoldaş diýen ýalyrak-da!
— Dost-ýoldaşyň näme?
— Saňa nähili düşündirsemkäm... Höwürtgedeş diýen söze golaýrak-da!
— Hä-ä! Şeý diýsene!
(Dowamy bar)