Ogulnabat
05.07.2021 14:28
Keşdeler

Baksaň ýatladyp dur jennet mekany,
Näzik kalplarmyza siñen keşdeler.
Türkmen zenanlarnyň ýürek mukamy,
Söýgüsini beýan eden keşdeler.

Baharyň ýakymly ýellerne kybap,
Gülleň baldagyndan sallançak gurap,
Çigildemler birenaýy ülpüldäp,
Sünnälenen,nepis,inçe keşdeler.

Sary,gyzyl,mawy,gülgüne güller,
Her bakanyň göwni göge göterler.
Asman tämiz,sähra uzmyş diýerler,
Älemgoşar öwüşginli keşdeler.

Çaňňa,dyrnak,gülýaýdy hem-de tegbent,
Hersi özbaşyna taryh hem sungat.
Geçmişiň ýumagny çözleýän gurbat,
Milli mirasymyz bolan keşdeler.

Goşgunyň awtory:Ogulnabat Ataýewa
8
106
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
7 Iýul 2021
👏👏👏👏👏👏👍
jemal_seyitniyazowa
7 Iýul 2021
Tüweleme...♡
Myhman Myhman
7 Iýul 2021
Салам шахыр гыз
Ovezova_
5 Iýul 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.