guli_
04.07.2021 20:21
Zenan alymlaryň oýlap tapyşlary:

Köp adam elekt­rik çy­ra­sy­ny To­mas Edi­so­nyň ýa-da te­le­fo­ny Alek­sandr Greýam Bel­liň oý­lap ta­pan­dy­gy­ny bil­ýän­dir. Em­ma Nen­si Jon­son ýa-da Ste­fa­ni Kwo­lek ba­ra­da eşit­me­dik bol­ma­gy müm­kin. Jon­son hem­meleriň ha­la­ýan ta­ga­my bo­lan doň­dur­ma taý­ýar­la­ma­gyň tä­ze usu­ly­ny, Kwo­lek bol­sa, po­lat­dan bäş es­se berk mad­da­ny oý­lap tap­ýar. Şu ma­ka­la­myz­da yly­ma go­şant go­şan ze­nan alym­la­ryň bir­nä­çe­si­niň oý­lap ta­pyş­la­ry ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Ma­ri­ýa Kýu­ri. 1867-nji ýyl­da Pol­şa­nyň paý­tag­ty War­şa­wa şä­he­rin­de dün­ýä inen Kýu­ri fi­zi­ka we hi­mi­ýa ugur­la­ryn­dan bir­nä­çe açyş ed­ýär. Ze­nan alym ele­ment­le­riň hä­si­ýet­le­ri­ni öw­ren­ýär. Ýaş­lyk ýyl­la­ryn­da War­şa­wa­da ýo­ka­ry bi­lim al­ýar. Soň­ra bol­sa bi­li­mi­ni art­dyr­mak üçin Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­ri­že gid­ýär. 1903-nji ýyl­da An­ri Bek­ke­rel hem-de ýan­ýol­da­şy Pýer Kýu­ri bi­len bi­le­lik­de No­be­liň Fi­zi­ka baý­ra­gy­na, 1911-nji ýyl­da No­be­liň Hi­mi­ýa baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ýar. Kýu­ri bu baý­ra­gy iki ugur­dan alan il­kin­ji alym bol­ýar. Kýu­ri­niň açyş­la­ry luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ös­me­gi­ne hem go­şant goş­ýar.
Nen­si Jon­son. Dün­ýä­de iň köp ýaý­ran süý­jü­lik me­ge­rem doň­dur­ma bol­sa ge­rek. 1794-nji ýyl­da dün­ýä inen Jon­son hä­zir­ki wagt­da hem giň­den ula­nyl­ýan doň­dur­ma en­ja­my­ny oý­lap tap­ýar. Doň­dur­ma taý­ýar­la­mak we onuň bel­li muk­da­ry­ny gy­syp çy­kar­mak üçin peý­da­la­nyl­ýan bu en­jam şol dö­wür­ler köp zäh­me­t ta­lap ed­ýän işi gör­ne­tin ýe­ňil­leş­di­rip­dir. Jon­so­nyň açy­şy doň­dur­ma taý­ýar­la­ma­gyň wag­ty­ny hem azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bu en­jam süý­di we onuň go­şun­dy­la­ry­ny ma­za­ly gar­ma­ga we gys­ga wagt­da so­wat­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ma­ri­ýa Tel­keş. 1900-nji ýyl­da Wen­g­ri­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­da­peşt­de dün­ýä inen Tel­keş Gün ener­gi­ýa­syn­dan peý­da­lan­ma­ga de­giş­li çöz­güt­le­ri oý­lap tap­ýar. 1920-nji ýyl­da Bu­da­peşt uni­wer­si­te­ti­ni fi­zi­ki hi­mi­ýa ug­ry bo­ýun­ça ta­mam­la­ýar. 1924-nji ýyl­da dok­tor­lyk dis­ser­ta­si­ýa­sy­ny go­ra­ýar. 1939-njy ýyl­dan baş­lap ABŞ-nyň Mas­sa­çus­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­tyn­da Gün ener­gi­ýa­sy teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ös­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýar. Bir­nä­çe baý­ra­ga my­na­syp bo­lan Tel­keş 1947-nji ýyl­da il­kin­ji ter­moe­lekt­rik ge­ne­ra­to­ry oý­lap tap­ýar.
Ste­fa­ni Kwo­lek. 1923-nji ýyl­da dün­ýä inen Kwo­le­k hi­mi­ýa ug­run­dan bir­nä­çe açyş­la­ry ed­ýär. Ol po­li­pa­ra­fe­ni­len-te­ref­ta­la­mid (kew­lar ady bi­len bi­lin­ýär) at­ly ma­te­ria­ly taý­ýar­la­ýar. 1964-nji ýyl­da oý­la­nyp ta­py­lan bu ma­te­ri­al we­lo­si­ped ti­gir­le­rin­de, ten­nis ra­ket­ka­la­ryn­da, ýa­ryş ga­ýyk­la­ryn­da, as­ma köp­rü­le­riň ta­nap­la­ryn­da, saz gu­ral­la­ryn­da we başga-da ýüz­ler­çe ýer­de peý­da­la­nyl­ýar.
7
207
Ovezova_
4 Iýul 2021
👏👏👏👏
ideallider
4 Iýul 2021
Jeýms Barri=Margaret Enn Balkli hem şeýle zenanlaryň hataryna girýär🙂👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.