Hünärmenler köne smartfonlaryň howply tarapy barada aýtdy.
Hünärmen bu hakynda "Rossiýskaýa Gazeta" bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu ýerde esasy mesele köne telefonlaryň operasion ulgamynyň täzelenmelerini almagy bes etmegi we haker hüjümlerine garşy ejiz bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Hünärmen wagtyň geçmegi bilen işläp düzüjileriň we ýaman niýetlileriň ulgamda has köp howpsuzlyk «ötüklerini» tapýandygyny aýtdy. Döredijiler olary ýamalar, ýagny halkara söz bilen aýdylanda "paçlar" bilen ýapýarlar. Emma täzelenmeler bolmasa, ulgamdaky "ötükler" şol durşuna galar.
Hünärmen eger-de adam köne smartfony näçe uzak ulansa, onuň kezzaplara garşy şonça-da ejiz boljakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, enjamyň işleýiş tizligine zeper ýetýär. Soňabaka gündelik adaty işleri ýerine ýetirmek üçin hem has köp serişde sarp edip başlaýar.
Şeýlelikde, hünärmen smartfon üçin operasion ulgamynyň täzelenmesini alyp durmagyň zerurdygyny nygtady we ony diňe resmi usullar bilen täzelemegi maslahat berdi.