guli_
30.06.2021 14:57
Guşa meňzeýän güljagaz😊

Te­bi­gat­da ýap­ra­ga, agaç ga­by­gy­na ýa­-da gül­ja­ga­za meň­ze­ýän ýüz­ler­çe mör-mö­jek­ler we süý­re­ni­ji­ler bar. Eý­sem, haý­sy­dyr bir jan­da­ra meň­ze­ýän gül ba­ra­da eşi­dip­mi­di­ňiz?! Esa­san hem, or­hi­de­ýa­lar maş­ga­la­syn­a de­giş­li bo­lan on­lar­ça gü­lüň daş­ky gör­nü­şi baş­ga bir za­da meň­ze­ýär. Mag­no­li­ýa at­ly aga­jyň bir gör­nü­şi­niň gül­le­ri gu­şa meň­zeş­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Ýu­lan at­ly agajyň ata watany Hy­taý­ hasaplanýar. Bu ösüm­lik se­ýil­gäh­le­re, bi­na­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­ne we kö­çe­le­riň gy­ra­la­ry­na sa­ýa­ly agaç hök­mün­de ekil­ýär. Ba­har pas­lyn­da açyl­ýan gül­gü­ne gül­le­ri­niň ýa­kym­ly ysy bol­ýar. Hy­taý me­de­ni­ýe­tin­de bu aga­jyň gül­le­ri päk­li­giň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li bu agaç­lar ir­ki dö­wür­ler­de pa­ty­şa­la­ryň köşk­le­ri­ni hem be­zäp­dir. Ýula­nyň gül­le­ri açy­lyp baş­lan wag­ty ki­çi­jik gu­şa meň­ze­ýär. Hat­da bi­raz uzak­dan se­re­di­len­de, onuň gül­dü­gi­ni saý­ga­ryp hem bol­ma­ýar.
Bu tä­sin agaç Hy­ta­ýyň dür­li şä­her­le­rin­dä­ki se­ýil­gäh­ler­de duş gel­ýär.
Te­bi­gat­da gül aç­ýan ulu­ly-ki­çi­li müň­ler­çe ösüm­lik bar. Bu gül­le­riň reň­ki, ysy we şe­ki­li toz­ga­lan­dy­ry­jy mör-mö­jek­le­ri özü­ne çek­ýär. Şeý­le­lik­de, ki­çi­jik mör-mö­jek­ler gül­le­riň po­len­le­rin­den öz­le­ri üçin bal edin­ýär­ler. Bu bol­sa gü­lüň mi­we, to­hum ýa-da haý­sy­dyr bir ha­syl ge­tir­me­gi­ne se­bäp bol­ýar.
8
123
ideallider
3 Iýul 2021
Hatda adam organlarynada meňzeçän güller bar😊👍
Ogulnabat
30 Iýun 2021
Guli_,😘
Gülhan
30 Iýun 2021
Gaty täsin!!😊
guli_
30 Iýun 2021
Ogulnabat,Minnetdar😊Sizem♥
Ogulnabat
30 Iýun 2021
Guli_,uytgeşik,gowy zatlar goyyaňyz biri biriňizden gowy ustunlik baryňyza
guli_
30 Iýun 2021
Ogulnabat,Edil ozi😉
Ogulnabat
30 Iýun 2021
Gaty menzeyan eken guşa.ilki okamankam suratyna seredip guşlar hakynda br zatdyr oytdum asyl okap otursam osumlik eken.
Ovezova_
30 Iýun 2021
👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.