Täsin,emma dogry!
Gök kitler gaty ýüzüp bat alandan soňra 3 sagatlap gymyldaman ýüzüp bilýärler.
Perimetri deň bolan şekilleriň arasynda tegelegiň meýdany has uly bolýar.
Balykgulaklar (suw öküzi) 3-4 ýyllap uklap bilýärler.
Polýar aýylary äpet göwresine garamazdan, sagatda 40 kilometr tizlik bilen ylgap, 1,8 metr beýiklige böküp bilýärler.
Iň uly kitap Berlin kitaphanasynda saklanýar. XVII asyrda çap edilen geografiýa atlasynyň boýy 2 metre, ini 1 metre deň.
Merkuriý planetasynda howa gündizine 430 dereje yssy, gijesine 180 dereje sowuk bolýar.
Howanyň yssy günlerinde dub we buk agaçlary her günde 100 litre barabar suwy bugardýar.
Kebelekler yzky aýaklary bilen ys alýarlar.
Belli şertlerde ähli sesler ýaňlanýan hem bolsa, ördegiň sesi ýaňlanmaýar. Munuň sebäbi entek ylmy taýdan anyklanmady.
Çyrmaşyp ösýän ösümlikleriň käbiriniň boýy günde bir metr ösýär.
Açyk howaly gijelerde müň töweregi ýyldyzy görüp bolýar.
Dub agajy 50 ýyldan soňra gozalap başlaýar.
Iň kiçi guş bolan kolibrileriň ýumurtgasynyň ululygy bugdaýyň dänesi ýalyrak, agramy ýarym gramdan az bolýar.
Çig ýumurtgany tekiz ýerde goýup pyrlap, birden duruzyp, eliňizi goýberseňiz, ýumurtga gaýtadan pyrlanyp başlar. Sebäbi, pyrlanyp duran ýumurtgany duruzanyňyzda, onuň içi aýlanmagyny dowam etdirýär. Şol sebäpli eliňizi goýberseňiz hem içindäki hereket ýumurtgany tutuşlygyna aýlaýar. Gaýnadylan ýumurtga bolsa bir gezek duruzylandan soňra aýlanmaýar.
Dünýäniň iň uly güli Indoneziýadaky tokaýlarda ösýär. Bu gülüň diametri 1 metrden geçýär.