Aýna ýaly Kebelek
Tebigat özünde täsin syrlary saklaýar. Bu täsinlikleriň köpüsini görüp bolýan hem bolsa, käsini görmek aňsat däl. Tebigatdaky iň täsin jandarlaryň biri hem kebelekler hasaplanýar. Bu jandaryň müňlerçe görnüşi bar. Kebelekleriň Orta we Günorta Amerikada ýaşaýan görnüşleriniň käbiriniň ganaty aýna ýaly dury bolup, aňrysy görünýär. Olara latynça «Greta oto» diýilýär. Bu kebelekler, esasan, Meksikadan Argentina çenli aralykdaky tropik tokaýlarda ýaşaýar. Ganaty aýna ýaly kebelegiň birnäçe görnüşi bolýar. Kebelegiň ganatynyň ululygy 5,5-6 santimetr bolup, köp ýeri reňksiz, gyralary goýy goňur, aralary gyzyl öwüsýär.
Köp dilde bu jandara aýna ganatly kebelek diýilýär. Ispan dilli ýurtlarda bolsa, «espejitos», ýagny «kiçijik aýnalar» diýilýär. Ganatlary näçe ýuka bolsa-da, bu kebelekler örän güýçli bolýar. Olar öz agramynyň 40 essesine barabar ýüki galdyryp bilýär. Şeýle hem bu jandarlar uzak aralyga göçýärler. Kebelekler, adatça her günde 12 kilometre barabar uçýarlar.
Kebelekleriň reňksiz, ýagny aňrysynyň görünýän bolmagy olara duşmanlaryndan goranmaga ýardam edýär. Onuň ganatlaryndaky nagyşlar hem ýaşaýan ýerindäki ösümliklere meňzeş bolýar. Şol sebäpli bu kebelegi saýgarmak aňsat bolmaýar. Bu kebelekleri esasan guşlar awlaýar. Aýna ganatly kebelekler 8-12 hepde ýaşaýar.
Kebelekler barada gyzykly maglumatlar
Görnüşine görä kebelekler birnäçe günden bir ýyla çenli ýaşaýarlar.
Kebelekler ultramelewşe şöhleleri görüp bilýärler. Bu jandaryň käbiriniň ganatynda ultramelewşe nagyşlar bolýar. Kebelegiň agzy bolmaýar. Bu mör-möjekleriň holtuma meňzeş beden agzasy bolýar we şolar bilen iýmitlenýär. Kebelekler, adatça, gülleriň tozgalary bilen iýmitlenýär.
Kebelekleriň käbir görnüşi 5 müň kilometre çenli aralyga uçup, uzak aralyga göçýän bolsa-da, käbir görnüşi gysga çäkde ýaşaýar.
Kebelekler Antarktikadan başga dünýäniň ähli ýerinde ýaşaýar. Bu jandarlaryň jemi 18 500 görnüşi bolup, olaryň 775-i Nearktikada (Meksikanyň belent daglaryny, Demirgazyk Amerikany we Grenlandiýany öz içine alýan sebit), 7 700-si Neotropikada (Günorta Amerikany, Orta Amerikanyň käbir ýerlerini, Karib adalaryny we Floridanyň günortasyny öz içine alýan sebit) 1 575-si Palearktikada (Ýewropany, Aziýanyň Gimalaý daglarynyň demirgazygyndaky sebitini we Arabystan ýarym adasyndan başga ýerlerini we Demirgazyk Afrikany öz içine alýan sebit), 3 650-si Afrotropikada (Afrikada Sahara çölüniň günortasyny, Arap ýarym adasynyň günortasyny, Madagaskar adasyny, Eýranyň, Pakistanyň günortasyny we Hindi ummanynyň günbataryndaky adalary öz içine alýan sebit), 4 800 görnüşi bolsa, Indomalaýda (Günorta we Günorta-gündogar Aziýa), Okeaniýada we Ýuwaş ummanyndaky adalarda ýaşaýar.