Iň beýik myhmanhana açyldy
Dünýäniň iň belent myhmanhanasy «J Hotel Shanghai Tower» 19-njy iýunda Şanhaýda resmi taýdan açyldy we ilkinji myhmanlaryny kabul edip başlady. Kaşaň myhmanhana «Shanghai Tower» gökdiräninde ýerleşip, ol Dubaýyň 828 metre ýetýän «Burj Halifa» gökdiräninden soň, dünýädäki iň belent ikinji bina (632 metr) hasaplanýar. Myhmanhananyň soňky 120-nji gatynda restoran ýerleşip, ol ýerde 557 metr beýiklikden şäheri synlap bolýar. Restoranyň has ýokarda ýerleşýändigi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegine garaşylýar.
Myhmanhananyň kabulhanasy 101-nji gatda, 474 metr belentlikde ýerleşýär. Myhman otaglary 86-njy we 98-nji gatyň arasynda ýerleşýär. Şeýle hem myhmanhanada 393 metrden gowrak belentlikde 84-nji gatda howuz bar.
Umuman alanyňda, myhmanhanada 165 otag bolup, olaryň 34-si iň ýokary derejelisidir. Gökdiräniň gurluşygyna 15 milliard ýuan (2,3 milliard dollar) harçlanyldy. Şeýle hem binada ofis otaglary, dükanlar, restoranlar we 118-nji gatda Hytaýda iň beýik gözegçilik meýdançasy ýerleşýär.