Täsinlikleriň ýurdy
Milli tagam
Kimçi koreýleriň milli tagamydyr. Ony koreýler 250 görnüşde taýýarlaýarlar. Ol esasan dürli gök önümlerden — kelemiň, turpuň, sarymsagyň we deňiz otlarynyň ýörite görnüşlerinden taýýarlanylyp, birnäçe wagtlap ýörite sowadyjyda saklanylýar. Milli tagamy köpçülikleýin taýýarlap, ony koreýler 2013-nji ýylda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna hem girizdiler. Olar bu arzyly tagamyň bir günde 130 tonnasyny taýýarladylar. Milli tagamy taýýarlamaga 3 müňden gowrak adam gatnaşyp, haýyr-sahawat maksady bilen paýlanypdyr.
Gadymy obserwatoriýa
Koreýleriň 80 göteriminden gowragy şäher ýerinde ýaşaýar. Şeýle hem bolsa, olar tebigatyň aýawlylygyna uly üns berýärler. Ýurduň deňiz kenaryndan uzak bolmadyk ýerde Jejudo diýlen ada ýerleşýär. Ol ýerde tebigatyň gaýtalanmajak gözellikleri jemlenen. Adada dag, çemenzarlyklar, uzynlygy 12 kilometre uzaýan wulkanyň döreden gowaklary, şaglawuklar bar. Ýurduň çäginiň kiçiligine garamazdan, bu ýerde taryhy ýerleriň hem onlarçasy bolup, şolaryň 12-si ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna goşulandyr. Şolaryň biri hem VII asyrda gurlan obserwatoriýadyr.
Ajaýyp howa menzili
Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäheriniň Halkara howa menzili amatly şertler döredilen, binagärligiň aýratyn gözelligini özünde jemlän binadyr. Howa menzilinde golf, buzly meýdança, içerki bag, koreý medeniýetine degişli muzeý we dynç almak üçin birnäçe ýerler bar. 2005-nji ýylda gurlan howa menzili birnäçe halkara baýraklaryna eýe bolupdyr. Geçen ýylda howa menziliniň hyzmatyndan 68 milliondan gowrak ýolagçy peýdalanyp, jemi 387 müňden gowrak uçuş amala aşyrylypdyr.