bayrammyradow
27.06.2021 10:08
ABŞ-nyň Perdýu uniwersitetiniň hünärmenleri ak boýagyň täze formulasyny taýýarladylar. Şeýle formula boýunça döredilen boýag şöhläniň 98,1 %-ni yzyna serpikdirip bilýär, onuň ulanylmagy howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge kömek edip biler.

Bu önümiň tehnologiýasy Gün şöhleleriniň göni täsiri astynda-da boýagyň sowuk bolup galmagyna mümkinçilik berýär. Hünärmenler onuň bilen binalary boýap boljakdygyny, netijede olaryň ýylylyk geçirmejekdigini belleýärler. Bu hem öz gezeginde daşky gurşaw üçin zyýanly bolan kondisionerleriň ulanylmagyndan gaça durmaga mümkinçilik berýär.
Mehaniki inženerleriň aýtmagyna görä, eger üçegiň 92,9 inedördül metrini täze düzümli boýag bilen reňkleseň, onda on kilowatt sowadyş ukybyny gazanyp bolar.
Geçen ýyl uniwersitetiň işgärleri 95,5% şöhläni serpikdirýän boýagy döredip, rekord goýupdylar. Şu gün bolsa alymlar rekordy täzelemegi başardylar. Boýagyň ozalky görnüşi kaliý karbonatynyň bölejiklerini ulanmak bilen döredildi. Alymlar şöhle serpikdiriji täze materiallary gözlemek bilen bariý sulfatyna üns berdiler. 
Dowamly tejribeleriň esasynda hünärmenler bariý sulfatynyň bölejikleriniň dürli ululykda bolmalydygyny anykladylar. Bu boýagyň has köp mukdarda şöhläni dargatmagyna ýardam berýär.
7
58
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.