guli_
26.06.2021 20:07
Ýalňyzlyk hakda

Ýeke oturansyň ýokdur seň gaýgyň
Arzuw ummanyna çümüp gidensiň
Uly bagtyň hyýalynda...däl gamgyn
Hakykatda bolsa bagtsyz,ýalňyz sen.

Ne bir direnere dostuň bar seniň
Gursagyna sygynara ýaryň ýok
Bar barlygyň galam bilen kagyzyň
Şondan başgasyna asla zaryň ýok.

Elbetde kän gezek ýandyň,aldandyň
Baş urduň sen,söýgi bilen dostluga
Ynam ýüpün berk bagladyň ,berk daňdyň
Ýalan söýgi bilen ýalan dostluga.

Ynamyň inçeldi misli gyl ýaly
Ine-de üzüldi misli gutardy dünýä
Ýitdiň seň umudyň arzuw hyýalyň
Bak inni wyždanyň üstüňden gülýär!
9
134
Арслан
26 Iýun 2021
Hemman bardemi
Misss
26 Iýun 2021
👍👍👍❤
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
26 Iýun 2021
👏👏👏👏👏👍
jemal_seyitniyazowa
26 Iýun 2021
Gowy goşgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.