Dünýä ilatynyň ýarysy smartfonly
“
Strategy Analytics” kompaniýanyň bilermenleri dünýä ilatynyň ýarysynyň smartfonly bolandygyny anykladylar. Bu takmynan 4 milliard adam diýlip hasaba alyndy. “Strategy Analytics”-yň baş müdiri Linda Sui ilkinji häzirkizaman smartfony hasaplanýan “
IBM Simon”-yň 1994-nji ýylda ABŞ-da satuwa çykarylandygyny belleýär. Şol ýyl bary-ýogy 30 müň adamyň smartfony bardy, ýagny şeýle möhüm sepgitlere ýetmek üçin 27 ýyl gerek boldy. 1998-nji ýylda “
Nokia 9110” we 2000-nji ýylda “
Ericsson R380” ýaly beýleki meşhur modeller peýda boldy. 2007-nji ýyldan başlap, “
iPhone” smartfonlary meşhurlyk gazanyp başlady. 2008-nji ýyldan bäri bolsa, “Google Android” programmasy bilen üpjün edilen onlarça smartfon modeli peýda boldy.
“Strategy Analytics”-iň bilermenleri 2030-njy ýyla çenli 5 milliard adamyň smartfonly boljakdygyny çaklaýarlar.