guli_
23.06.2021 21:19
BULARY BILMEK GYZYKLY
Ýarganatlar gowakdan mydama çepe tarap uçup çykýarlar.

* * *

Ýakymly zada seredilende adamyň göreji 45 göterime barabar ulalýar.

* * *

Baýguş gözüni gyrpanda ýokarky gabagyny ulanýan ýeke-täk guşdur. Beýleki guşlaryň ählisi gözüni gyrpanda aşaky gabagyny hereketlendirýärler.

* * *

Bal örän siňňitli tagam bolup, ol iýmit siňdiriş ulgamy tarapyndan aňsat özleşdirilýär. Sebäbi bal eýýäm balarylar tarapyndan işlenen önümdir.

* * *

Horazlar boýnuny öňe tarap uzatmazdan, gygyryp bilmeýärler.

* * *

Delfinler bir gözi açyk, beýlekisi ýapyk halda uklaýarlar. Olaryň beýnisiniň ýarysy mydama işjeňlik ýagdaýynda bolýar.

* * *

Ýer ýüzünde diňe iki sany jandar kellesini yzyna aýlamazdan, arkasynda bolýan zatlary görmäge ukyplydyr. Olar totuguş bilen towşandyr.

* * *

XIX asyra çenli aýakgaplar çep hem-de sag aýagyňky diýlip aýrybaşgalanmandyr. Olar iki aýak üçin-de birmeňzeş taýýarlanypdyr.

* * *

1983-nji ýylda iňlis ýazyjysy Barbara Kartlend bir ýylyň dowamynda 23 roman ýazypdyr. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Ýazyjynyň ömrüniň dowamynda 600-den gowrak kitap ýazandygy hem bellärliklidir.
11
767
Myhman Myhman
30 Oktýabr 2022
Ideallider köşeş! Ilkä bilime seretýän kişi bolup,Gurhanda ýazylan hakyky mukaddes sözleri ret edýäler soňam utanman Hudaýy ýatladýan kişi bolup dawasyna sokýalar.Menä bu häsiýetdäki adamy düýbünden halamadym. Gaty görmeşek ýok
ideallider
27 Iýun 2021
Dusia, Etjegim tersine boldy, öňki gezek bolanyna 6 aý wagt geçdi. Öwrenýäs, kämilleşers🙂👍
Dusia
27 Iýun 2021
IDEALLIDER, men sylagym uly adamlardan beýiklige ymtylýan we diňe şolardan beýiklige garaşýan... (Beýikler köp dáldir )
ideallider
27 Iýun 2021
Dusia, men artyk baha beripdim. Çeni bilmedim. Ok. Men hiç. Esasy...👍
Dusia
27 Iýun 2021
IDEALLIDER, ýaman niýetiň ýoklugyn bilýän ....
ideallider
27 Iýun 2021
Dusia, ok. Bolýa. Düşündüm. Şondada ymtylma bardyda🙁
ideallider
27 Iýun 2021
Guli_, Ok🙂👍 Windowsy täze goýmagyň ýada zbros etmegiň usuluny bilýänleriňiz barmy? Netbuga prog goýjak bolsam bolanok, zbros edip bilemok. Çaga-ädimleriýaly düşündirjegiňiz barmy?

Dusia, men yza gaýdyp barýan, olam yzymdan gelýär ýa men oň yzynda.

Dusia, Anomaliýa sebäpli "Täk hem bolup" biljekligine. Aslynda bu jogaby öň hem bilýädimweli... Ýagny "Pil aýakly" adamlar hem bar, edil hakyky pil aýaklydäl "Şeýle sindromly" adamlar bar. Bu hem anomal. Ýöne gyzykly gürrüňlerden söhbet AÇAÝJAK BOLMAK SYNANŞYGYMDY. Başa barmady👍
TäzePikir
27 Iýun 2021
Diňe boş boş pikirlende otyr, men ertir cykjakda indi howa näme bolýar, kim nähili pikirlenyar, dawalasyp cyksaň, gaçdygyň bolyamy, seň hapa pikirleň gözüne ilip durandyr, senden uzaklaşyandyr belki
Dusia
27 Iýun 2021
Baý baýooow edil şeýle dowam ediň belki ylym bilimde gereginden has öňe gidip adamkärçiligi hem ösdürersiňiz👏
guli_
27 Iýun 2021
IDEALLIDER,TäzePikir,Bagyslan wln gosulyan hayyst bolly edin...Barisi obshi chat biderek yere beyleklerede show bolp durman hayyst ikinizem uly oglanlar yonekey zadyn ustunden dawalasyp dursunyz....Hayyst beyleki agzalaram sylayyan bolsanyz bolly edin inni
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.