Günleriň birinde bir adam Angliýa gezelenje gitmegi hyýalyna düwüpdir. Elbetde, iňlisçe bilmeýäni üçin dostuna:
-Ohow iňlisçed-ä bilemok,olar bilen nähili düşünişerkäm,diýipdir. Dosty bolsa:
-Ynha seret, gürläniňde her sözlemiň yzyna "ing" goý, olar seniň näme diýjek bolýanyňa düşünerler diýipdir.
Ýaňky adam Angliýa barypdyr we öňünden çykan birinji kafe giripdir. Girşine dostunyň tilsimini ulanyp başlapdyr, ofisanty çagyryp:
-Sen maňa gök çaý getirip bilerming? Diýipdir,ofisant onuň ýüzüne geň galyp seredipdir-de çaý getirmäge gidipdir we dessine alyp gelipdir. Ýaňky adam:
-Görýäňmi, men iňlisçäni daş edýän gereking? Diýipdir,ofisant göni jogap beripdir:
-Men türkmen bolmasamding, çaý ýerine belaň sapyny içerding!
Timonapp