Lexus kompaniýasy özüniň täze nesil “Lexus NX” krossowerini köpçülige tanyşdyrdy. Bu barada speedme.ru habar berdi.
Täze “Lexus NX” modeli TNGA GA-K modul bazasyna esaslanýar. Bilşimiz ýaly, RAV4 we Camry hem şu modul bazasynyň esasynda döredilipdi. “Lexus”-yň täze modeli daşky görnüşi taýdan çylşyrymly plastik geçişleri, üýtgeşik faralary we çyralary, şeýle hem ullakan radiator paneli bilen tapawutlanýar.
Ulagyň içinde 9,8 dýuým ölçegdäki (goşmaça 14 dýuým hem edip bolýar) ekranly täze “Lexus Interface Media System” oturdylypdyr. Şeýle hem 7 dýuýmlyk sanly gurallar toplumy bar. Şeýle-de bolsa, goşmaça töleg arkaly onuň 10 dýuýmlygyny hem satyn alyp bolýar.
Güýç nukdaýnazaryndan, täze NX diapazony NX250, NX350, NX350h we NX450h + diýlip kesgitlenen dört motorly görnüşi öz içine alýar. Bularyň ilkinji ikisi benzinde sekiz tizlikli awtomatiki geçiriji bilen işleýär. Ulagyň ýa öň tarapy, ýa-da yz tarapy çekip bilýär diýip, speedme.ru ulaga häsiýetnama berýär.